Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 8:7 - Mukaddes Kitap

7 Soňra Musa Harunyň egnine uzyn köýnek we don geýdirip, onuň bilini guşak bilen guşady. Musa onuň donunyň üstünden efot geýdirip, ony bezelen guşak bilen Harunyň arkasyna berkitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Соңра Муса Харуның эгнине узын көйнек ве дон гейдирип, онуң билини гушак билен гушады. Муса онуң донуның үстүнден эфот гейдирип, оны безелен гушак билен Харуның аркасына беркитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 8:7
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Agaň Harunyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly, oňa ruhany geýimlerini tik.


Olaryň tikjek geýimleri şulardan ybarat: gursakça, efot, don, nagyşly uzyn köýnek, selle we guşak. Agaň Harunyň we onuň ogullarynyň Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, bu ruhany geýimleri tikeniňizde,


Ukyply ökde ussalar efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tiksinler.


Soňra ruhany geýimleri bolan uzyn köýnegi, dony, efody we gursakçany getirip, Haruna geýdir. Efodyň nagyşly kemerini dak.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Ruhanylar mukaddes ýere girenlerinde, hyzmat edýän wagty geýýän geýimlerini bu otaglarda çykaryp goýmazdan daşky howla çykmasynlar, sebäbi bu geýimler mukaddesdir. Halkyň ýanyna çykmazdan öň, olar başga geýimler geýmelidirler».


Ynsan höwesleriňizi nädip kanagatlandyrarkam diýip oýlanmaň-da, gaýtam, Rebbimiz Isa Mesihe besleniň.


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


Çünki suwa çümdüriliş arkaly Isa Mesih bilen birigen siziň baryňyz indi Oňa beslenensiňiz.


Meniň ruhanym bolup, gurbanlyk sypamyň üstüne çykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Meniň huzurymda efot geýer ýaly, Ysraýylyň ähli tireleriniň içinden Men ony saýladym. Ysraýyllar tarapyndan berlen ýakma gurbanlyklaryndan paý almaga diňe seniň ataňyň nesline rugsat berdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ