Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 8:4 - Mukaddes Kitap

4 Musa Rebbiň buýruşy ýaly-da etdi. Bütin halk Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna ýygnandy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Муса Реббиң буйрушы ялы-да этди. Бүтин халк Реббе йүз тутулян чадырың агзына йыгнанды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 8:4
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden owadan nagyşlanan geýimler tikdiler. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, olar Harun üçin mukaddes lybaslary tikdiler.


Rebbiň Musa buýruşy ýaly, gursakçanyň efotdan sallanyp gaçmazlygy üçin, onuň halkalary gök ýüp bilen efodyň halkalaryna daňlandy. Şonda gursakça efodyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durdy.


Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bir nar bilen altyn jaňjagaz başaşa edilip, olar hyzmat edende geýmek üçin tikilen donuň tutuş etegine dakyldy.


Bilguşagy gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan edilip, nagyşlar bilen keşdelendi. Bu Rebbiň Musa buýruşy ýaly edildi.


Rebbiň Musa buýruşy ýaly, onuň ýüzündäki nagyşly kemeri hem edil efodyň tikilişi ýaly altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdiler.


Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Ysraýylyň ogullaryna ýatlama daşlary bolmagy üçin bulary efodyň eginbagyna dakdy.


Onsoň Musa Harunyň ogullaryny getirdi. Olaryň eginlerine köýneklerini geýdirip, billerine guşak guşap, kellelerine selle orady. Musa bar zady Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly etdi.


Emma öküzçäniň özüni, derisini, etini we içgoşuny Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly, Musa düşelgäniň daşyna çykardyp ýakdyrdy.


Onsoň Musa döşi alyp, ony Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy. Bu belleme goçundan Musanyň paýydy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi.


Siz ýedi gije-gündiziň dowamynda Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bolup, Rebbiň buýrugyny berjaý ediň, ýogsam ölersiňiz. Maňa Rebbiň buýrugy şeýledir».


Musa halka ýüzlenip: «Men Rebbiň özüme beren şu aşakdaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmelidirin» diýdi.


Musa Harunyň kellesine selle orady. Selläniň öň tarapynda bolsa, altyn bezegi – mukaddes täji goýdy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Çünki men Rebden alan taglymatymy size tabşyrdym. Reb Isa Özüne haýynlyk edilen gijesi eline çörek alyp,


Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi.


Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ