Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 8:35 - Mukaddes Kitap

35 Siz ýedi gije-gündiziň dowamynda Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bolup, Rebbiň buýrugyny berjaý ediň, ýogsam ölersiňiz. Maňa Rebbiň buýrugy şeýledir».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Сиз еди гиҗе-гүндизиң довамында Реббе йүз тутулян чадырың агзында болуп, Реббиң буйругыны берҗай эдиң, ёгсам өлерсиңиз. Маңа Реббиң буйругы шейледир».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 8:35
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz Hudaýyň Reb näme buýursa, ony ýerine ýetir; Rebbiň ýollaryndan ýöräp, Onuň parzlaryny, tabşyryklaryny, hökümlerini hem-de öwüt-ündewlerini Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly berjaý et. Şonda sen näme etseň-de, nirä gitseň-de, işiň şowuna bolar.


Haruny we onuň ogullaryny edil Meniň buýruşym ýaly, ýedi günden soň Maňa ruhanyçylyga belle.


Ýedi günläp günä gurbanlygy hökmünde her gün bir erkeç taýýarla; şikessiz bir öküzçe bilen sürüden bir goç taýýarla.


Bu paý Maňa ruhanyçylyga bagyş edilen Sadok nesilleri üçindir. Olar öýümiň goramak keşigini çekdiler. Ysraýyl halky ýoldan çykanda, lewiler hem ýoldan çykdylar, emma Sadok nesilleri Maňa wepaly boldular.


Bir gün Harunyň ogullary Nadap bilen Abyhu kül atarlaryny alyp, oňa köz saldylar we onuň üstüne ýakymly ysly tütetgini goýup, ony Rebbiň huzuryna eltdiler. Emma bu ot mukaddes däldi, çünki Reb ony olara hödürläň diýip tabşyryk bermändi.


Tämizlenmeli adam geýimlerini ýuwup, endamyndaky ähli tüýlerini syryp ýuwunsyn. Şonda ol tämiz bolar. Soňra ol düşelgä girsin, ýöne ýedi gün geçýänçä, öz çadyryna girmesin.


Musa mesh ýagyndan we gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, Harunyň üstüne we eşiklerine, onuň ogullarynyň üstüne we eşiklerine sepeledi. Şeýdip, Haruny we onuň eşiklerini, onuň ogullaryny we olaryň eşiklerini bagyş etdi.


Bu günki ýerine ýetirilen her bir iş Rebbiň tabşyrygy boýunça, siziň günäleriňizden saplanmagyňyz üçin edildi.


Harun we onuň ogullary Rebbiň Musa arkaly beren ähli tabşyryklaryny berjaý etdiler.


Üçünji we ýedinji günlerde ol özüni tämizlik suwy bilen tämizlesin, şonda ol tämizlener. Emma ol özüni üçünji we ýedinji günlerde tämizlemese, tämiz bolmaz.


Olar mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Harun we tutuş halk üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň goramak keşigini çeksinler.


Hatda buludyň mukaddes çadyryň depesinde saklanmagy uzaga çekse-de, ysraýyllar Rebbiň buýrugyny berjaý edip göçmezdiler.


Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.


Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Onuň buýruklaryny, parzlarydyr hökümlerini we tabşyryklaryny hemişe ýerine ýetiriň.


Eý, oglum Timoteos, sen barada aýdylan pygamberlikleri nazara alyp, saňa şuny berk tabşyrýaryn: bu pygamberliklere daýanyp, ökde söweşiji kimin söweş,


Şu buýruklary berjaý edeniňde, meseläniň anygyna ýetmän, hiç kimi ýazgarma, tarapgöýlik etme. Ine, şularyň baryny Hudaýyň, Isa Mesihiň we saýlanan perişdeleriň öňünde saňa berk tabşyrýaryn.


Ähli zada ýaşaýyş berýän Hudaýyň huzurynda we Pontiý Pilatyň öňünde diňe Hudaýa bil baglaýandygyny tassyklan Isa Mesihiň huzurynda saňa şulary tabşyrýaryn:


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Eý, Timoteos, özüňe ynanylyp berleni gora. Boş gürrüňlerden we «bilim» saýylýan gapma-garşy pikirlerden ýüz öwür.


Hudaýyň huzurynda, şeýle hem dirilere we ölülere kazylyk etjek Isa Mesihiň huzurynda, Onuň gelmeginiň we şalyk sürmeginiň hatyrasyna saňa şulary berk tabşyrýaryn:


Mukaddes Kanuna görä baş ruhanylyga ýönekeý ynsanlar bellenilýärdi, emma Kanundan soňra Hudaý ant içip, muňa Ogluny belledi. Ol kämil edilen müdimilik Baş Ruhanydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ