Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 8:30 - Mukaddes Kitap

30 Musa mesh ýagyndan we gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, Harunyň üstüne we eşiklerine, onuň ogullarynyň üstüne we eşiklerine sepeledi. Şeýdip, Haruny we onuň eşiklerini, onuň ogullaryny we olaryň eşiklerini bagyş etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Муса месх ягындан ве гурбанлык сыпасының үстүндәки гандан алып, Харуның үстүне ве эшиклерине, онуң огулларының үстүне ве эшиклерине сепеледи. Шейдип, Харуны ве онуң эшиклерини, онуң огулларыны ве оларың эшиклерини багыш этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 8:30
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Agaň Harunyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly, oňa ruhany geýimlerini tik.


Soňra gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, mesh ýagyny hem alyp, olary Harunyň hem onuň ogullarynyň üstüne we geýimlerine sepele. Şeýdip, Harun we onuň geýimleri, şeýle hem onuň ogullary we olaryň geýimleri Maňa bagyş ediler.


Haruny we onuň ogullaryny ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, başlaryna ýag guýup, Maňa bagyş et.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Harunyň we onuň ogullarynyň Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmäge başlan günlerinden bäri Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalardan olara degişli paý şudur“».


Munuň ysraýyl halkyndan ebedilik parz hökmünde ruhanylara berilmelidigini, Haruny we onuň ogullaryny wezipä bellän güni Reb maňa buýurdy.


Bagyş etmek üçin, Musa Harunyň başyna mesh ýagyny guýdy.


Harunyň ogullaryndan ruhanyçylyga bellenip, bagyş edilenleri şulardyr.


Ynsanlary mukaddes edýän Isa we Ol arkaly mukaddes edilenler indi bir maşgala degişlidir. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


Emma Mesihiň size beren Mukaddes Ruhy özüňizde galýandyr, size öwretmegiň geregi ýok. Mukaddes Ruhuň size öwredýän her bir zady ýalan däl-de, hakykatdyr. Onuň size öwredişi ýaly, Mesih bilen ýaşamalysyňyz.


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ