Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 8:23 - Mukaddes Kitap

23 Musa goçuň damagyny çalyp, onuň ganyndan aldy. Harunyň sag gulagynyň ýumşak etli ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna gan çaldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Муса гочуң дамагыны чалып, онуң ганындан алды. Харуның саг гулагының юмшак этли ерине, саг элиниң ве саг аягының башам бармагына ган чалды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 8:23
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Goçy soýup, ganyny al. Ony Harunyň we onuň ogullarynyň sag gulaklarynyň ýumşak ýerine çal. Şeýle hem, olaryň sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna çal. Galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp.


Soňra gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, mesh ýagyny hem alyp, olary Harunyň hem onuň ogullarynyň üstüne we geýimlerine sepele. Şeýdip, Harun we onuň geýimleri, şeýle hem onuň ogullary we olaryň geýimleri Maňa bagyş ediler.


Ruhany ýazyk gurbanlygynyň ganyndan biraz alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna çalsyn.


Elinde galan ýagdan ruhany tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna, ýazyk gurbanlygynyň malynyň gany sürtülen ýere çalsyn.


Ruhany ýazyk gurbanlygynyň goçuny soýup, onuň ganyndan birazragyny alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna çalsyn.


Ruhany elindäki ýagdan tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna, ýazyk gurbanlygynyň goçunyň gany sürtülen ýere çalsyn.


Ýakma gurbanlygynyň, galla sadakasynyň, günä gurbanlygynyň, ýazyk gurbanlygynyň, belleme sadakasynyň we salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şulardan ybaratdyr.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.


Beden agzalaryňyzy ýamanlyk guraly hökmünde günäniň ygtyýaryna tabşyrmaň. Tersine, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň. Goý, bedeniňiziň her bir agzasy Hudaýyň dogrulyk guraly bolsun.


Siziň ynsan ejizligiňizi nazara alyp, size sada sözler bilen aýdýaryn: siz ozal beden agzalaryňyzy haramlyga we gitdigisaýy artýan bikanunlyga tabşyrypdyňyz. Indi bolsa beden agzalaryňyzy halal ýaşaýşa eltýän dogrulyga tabşyryň.


Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam!


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Siz baha, onda-da uly baha satyn alnansyňyz. Şoňa görä-de, öz bedeniňiz bilen Hudaýy şöhratlandyryň.


Çünki men asla utanja galmajakdygyma, hemişekim ýaly şindi hem mertlik bilen hereket etjekdigime ynanýaryn. Men ýaşasam-da, öldürilsem-de, meniň bedenim arkaly Mesih beýgeldiler.


Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.


Isany jebirli ölümi arkaly kämil etmeklik hemme zady Özi üçin we Özi arkaly ýaradan Hudaýa ýaraşdy. Sebäbi Hudaý Onuň ölümi arkaly ençeme ogullary şöhrata besledi.


Ol Ogul hem bolsa, görgi görüp, tabyn bolmaklygy öwrendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ