Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 8:15 - Mukaddes Kitap

15 Musa öküzçäniň damagyny çaldy. Ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony gurbanlyk sypasynyň şahlaryna barmagy bilen çalyp, gurbanlyk sypasyny halallady. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. Şeýdip, Musa gurbanlyk sypasyny halallamak üçin ony mukaddes etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Муса өкүзчәниң дамагыны чалды. Ол өкүзчәниң ганындан алып, оны гурбанлык сыпасының шахларына бармагы билен чалып, гурбанлык сыпасыны халаллады. Галан ганы болса, ол гурбанлык сыпасының дүйбүне дөкди. Шейдип, Муса гурбанлык сыпасыны халалламак үчин оны мукаддес этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 8:15
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň ruhanylar erkeçleri öldürip, olaryň ganyny bütin ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin gurbanlyk sypasynyň üstüne günä gurbanlygy hökmünde dökdüler. Çünki patyşa bütin ysraýyl halky üçin ýakma gurbanlygynyň we günä gurbanlygynyň berilmegini tabşyrypdy.


Ýalňyşlyk bilen ýa-da bilmän günä eden adam üçin-de aýyň ýedisine şeýle edersiňiz; şunlukda, öýi-de murdarlykdan saplarsyňyz.


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň damagyny gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda, Rebbiň huzurynda çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Harun iň mukaddes otagy, Rebbe ýüz tutulýan öýi we gurbanlyk sypasyny halallandan soň, diri erkeji Rebbiň huzuryna getirsin.


Malyň eýesi gurbanlyk malynyň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar gurbanlygyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň kellesine elini goýup, onuň damagyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde çalsyn. Harunyň ogullary onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Ruhany bolsa günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Ruhany onuň ganyna barmagyny batyryp, ol ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol sypanyň düýbüne döksün.


Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdaky – Rebbiň huzuryndaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Emma mukaddes otagda günäden saplamak üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň içine gany getirilen günä gurbanlygy üçin berlen malyň eti iýilmeli däldir. Ol oda ýakylmalydyr.


Onsoň lewiler ellerini öküzçeleriň kellesine goýsunlar. Olaryň birini günä gurbanlygy üçin, beýlekisini-de lewileri günäsinden saplamak üçin, ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.


Çünki duşmankak Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, onda Onuň ömri arkaly halas ediljegimiz hem gürrüňsizdir.


Ol haçdaky ölümi arkaly duşmançylygy ýok etdi we iki topary bir beden kimin edip, olary Hudaý bilen ýaraşdyrdy.


Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ