Harun bilen onuň nesilleri ýakma gurbanlyk sypasynda, ýakymly ysly tütetgi sypasynda sadakalar hödürlediler. Iň mukaddes otagyň ähli işlerini etdiler. Hudaýyň guly Musanyň tabşyryklaryna laýyklykda, olar ysraýyl halkyny günäsinden sapladylar.
Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler.
Harun we onuň ogullary Meniň ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, olary Maňa şeýle bagyş et: bir sany ýaş öküzçe we hiç bir şikessiz iki sany goç al.
«Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlygy üçin berilýän öküzçäni, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür».