Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 7:9 - Mukaddes Kitap

9 Tamdyrda, pitide ýa-da saçda taýýarlanan islendik galla sadakasy ony Hudaýa hödürleýän ruhanynyňky bolsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Тамдырда, питиде я-да сачда тайярланан ислендик галла садакасы оны Худая хөдүрлейән руханыныңкы болсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 7:9
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol döwürde Siriýa patyşasy Hazaýyl Gatyň üstüne çozup, ony basyp aldy. Soňra ol Iýerusalime hüjüm etmegi ýüregine düwdi.


Galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny olar iýerler. Ysraýylda ähli bagyş edilen zatlar olaryňky bolar.


Galla sadakasynyň galan bölegi Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka paýy örän mukaddesdir.


Ýokarda agzalan günälerden birini eden günälini ruhany günä gurbanlygy üçin berlen un bilen günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. Galan un galla sadakasy ýaly ruhanynyňky bolar“».


Emma zeýtun ýagyna garylan ýa-da gury, bişirilmedik galla sadakasy Harun nesilleriniň arasynda deň paýlaşylsyn.


Islendik kişiniň ýakma gurbanlygyny hödürleýän ruhany gurbanlyga berlen malyň derisini özüne alsyn.


Iň mukaddes sadaka hökmünde otda ýakylmaýan zatlardan şular siziňki bolar: olaryň iň mukaddes zat hökmünde Maňa hödür edýän her bir sadakasy, galla sadakasymy, günä gurbanlygymy ýa ýazyk gurbanlygymy, parhy ýok, bular saňa we seniň ogullaryňa degişlidir.


Ybadathanada hyzmat edýänler öz iýjegini ybadathanadan alýarlar. Gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler-de gurbanlyk sadakalaryndan paý alýarlar. Bulary özüňizem bilýänsiňiz.


Gullukdaky esgerler öz hasabyna ýaşaýarlarmy? Eýsem miwesinden iýmejek bolsa, üzüm agajyny oturdýan barmy? Süri bakyp-da, onuň süýdüni içmeýän barmy?


Şunlukda, söz arkaly öwüt alýan adam oňa öwüt berýän bilen ähli ýagşy zatlaryny paýlaşsyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ