Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 7:6 - Mukaddes Kitap

6 Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Руханы машгаласындан болан хер бир эркек гөбекли ол мал этинден ийсин. Ол мукаддес ерде ийилсин, чүнки бу гурбанлык өрән мукаддес гурбанлыкдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 7:6
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.


Galla sadakasynyň galany Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka örän mukaddes sadakadyr.


Nogsanly ruhany Hudaýa hödür edilen iýmitden, mukaddes we iň mukaddes iýmitden iýip biler.


Onsoň ruhany zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, başga eşiklerini geýsin we küli düşelgäniň daşyna çykaryp, halal ýere döksün.


Ruhanylar urugyndan bolan her bir erkek göbekli ondan iýip biler. Bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.


Ruhany olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu ýazyk gurbanlygydyr.


Eger bir adam Rebbe bagyş edilen eti etegine salyp äkidende, onuň etegi çörege, çorba, şeraba, ýaga ýa-da başga bir iýmite galtaşsa, şolar mukaddes bolarmy?“». Ruhanylar bu soraga: «Ýok» diýip jogap berdiler.


Ysraýyl halkyna serediň: gurbanlyk sypasynda berlen gurbanlykdan iýýän şol sypa şärik bolmaýarmy?


Ybadathanada hyzmat edýänler öz iýjegini ybadathanadan alýarlar. Gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler-de gurbanlyk sadakalaryndan paý alýarlar. Bulary özüňizem bilýänsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ