Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 7:18 - Mukaddes Kitap

18 Eger salamatlyk gurbanlygynyň etinden üçülenji gün iýilse, onda ol kabul bolmaz we ony hödür eden üçin hasaba alynmaz. Ol nejisdir, ondan iýen jezany çekmeli.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Эгер саламатлык гурбанлыгының этинден үчүленҗи гүн ийилсе, онда ол кабул болмаз ве оны хөдүр эден үчин хасаба алынмаз. Ол неҗисдир, ондан иен җезаны чекмели.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 7:18
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Olar gabyrlaryň arasynda oturyp, gizlin ýerlerde gijäni ötürýärler; doňuz etini iýýärler, haram et gaýnadýarlar gazanlarynda.


«Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän adam öldüren bilen deňdir, guzyny gurbanlyk berýän itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beryän doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tütedyän buta sežde eden ýalydyr.


Bu halk hakda Reb şeýle diýýär: «Olar, hakykatdan-da, aýlanyp gezmegi haladylar, aýaklaryna dynçlyk bermediler. Şonuň üçin Men-Reb olardan hoşal däldirin. Indi olaryň etmişlerini ýatlaryn, günäleri üçin jezalandyraryn».


Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin».


Günä eden adam ölmelidir; atasynyň ýazygyny ogly çekmez, oglunyň ýazygyny-da atasy çekmez. Dogruçyl adam dogruçyllygynyň, erbet adam erbetliginiň jogabyny alar.


Maňa gurbanlyklar getirýärler, gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar.


«Näme üçin siz günä gurbanlygyny mukaddes öýüň ýanynda iýmediňiz? Ol örän mukaddes gurbanlykdyr, ony size Reb Öz huzurynda halky günälerinden saplamagyňyz üçin berdi ahyryn.


Harun Musa ýüzlenip şeýle diýdi: «Ine, meniň ogullarym bu gün Rebbiň huzurynda günä hem-de ýakma gurbanlyklaryny berdi. Meniň başymdan bolsa betbagtçylyk indi, muňa garamazdan, bu gün men günä gurbanlygyndan iýen bolsam, bu Rebbe ýararmydy?»


Guryýer süýrenijileriň bary siziň üçin nejisdir. Olar iýilmeli däldir.


Eger ol geýimlerini ýuwmasa ýa-da suwa düşmese, onda ol öz jezasyny çekmeli“».


Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür edeniňizde, gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly, ony kada laýyklykda beriň.


Eger bir adam öz gyz doganyna, kakasynyň ýa ejesiniň gyzyna öýlense, olar köpçüligiň öňünde masgaralanyp, öz halkynyň arasyndan çykarylsyn. Ol adam öz gyz dogany bilen jyns gatnaşygyny edenligi üçin jezalandyrylmalydyr.


Öz daýzaň ýa-da ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki beýle etmek bilen sen özüňi namysa goýýansyň. Olaryň ikisine-de jeza berilmelidir.


Göwresinde artyklygy ýa kemisi bolan öküzçäni ýa guzyny meýletin sadaka hökmünde hödürläp bilersiňiz, ýöne ol aýdylan sadakanyň ýerine kabul bolmaz.


Şeýle haýwanlary Rebbe iýmit sadakasy hökmünde hödür etmek üçin, gelmişegiň elinden almaň, çünki olar maýyp-müjrüp, şikesli bolandyklary üçin, Rebbe iýmit sadakasy hökmünde kabul bolmaz“».


Eger kimde-kim Rebbiň beren buýruklarynyň birini tötänlikde bozup, günä gazansa, ol ýazyklydyr we öz jezasyny çekmelidir.


Eger gurbanlyk malynyň eti islendik haram zada galtaşsa, ol iýilmesin, oda ýakylsyn, halal eti haram saýylmadyk kişi iýip biler.


Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de, Men olary kabul etmerin. Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de, Men olara bakmaryn.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Gurbanlyk sypamda biderek ýere ot ýakmazyňyz ýaly, käşgä araňyzdan biri çykyp, derwezeleri ýapsady! Men sizden razy däldirin. Indi Men siziň eliňizden sadaka kabul etmerin.


„Bu nähili irginlik!“ diýip, siz muny äsgermezlik etdiňiz, Hökmürowan Reb diýýär. Gurbanlyk hökmünde siz talanyp alnan, agsak ýa-da kesel mal hödürleýärsiňiz! Men ony kabul ederin öýdýäňizmi? Muny Reb aýdýandyr.


Bu olar üçin täze harmandan berlen galla ýa-da täze şerap sadakasy bilen deň hasap ediler.


Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.


Ybraýym sünnetlenmänkä iman etdi, sünneti bolsa iman arkaly alan aklanmasynyň möhüri hökmünde kabul etdi. Şeýdip, Ybraýym sünnetsizlikde iman edip, dogruçyl hasaplanan her bir adamyň atasy boldy.


Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ