Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 7:16 - Mukaddes Kitap

16 Eger hödür edýän sadakaňyz aýdylan ýa-da meýletin sadaka bolsa, onda ol hödür edilen güni iýilsin. Ondan artyp galany ertesi gün iýilsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Эгер хөдүр эдйән садакаңыз айдылан я-да мейлетин садака болса, онда ол хөдүр эдилен гүни ийилсин. Ондан артып галаны эртеси гүн ийилсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 7:16
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler.


«Men şu gün wadamy ýerine ýetirdim, salamatlyk gurbanlygyny berdim.


Hökümdar meýletin sadaka, ýagny ýakma ýa-da salamatlyk gurbanlyklary hökmünde Rebbe meýletin sadaka hödür edende, oňa gündogara tarap bakýan derweze açylmalydyr. Ol özüniň ýakma ýa-da salamatlyk gurbanlygyny edil Sabat güni edişi ýaly hödürlär. Onsoň daşary çykar we çykanyndan soň derweze ýapylar.


Göwresinde artyklygy ýa kemisi bolan öküzçäni ýa guzyny meýletin sadaka hökmünde hödürläp bilersiňiz, ýöne ol aýdylan sadakanyň ýerine kabul bolmaz.


Eger Rebbe şükür sadakasyny hödür etseňiz, ony kabul bolar ýaly edip beriň.


Bu baýramlar Rebbiň Sabat günlerinden, aýratyn sadakalaryňyzdan, Hudaýa aýdan sadakalaryňyzdan we Rebbe hödür eden ähli meýletin sadakalaryňyzdan daşarydyr.


Ine, size hoş habar getirýän, parahatçylygy jar edýän çapar daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, beren wadalaryňy berjaý et. Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, çünki olar bütinleý ýok edilerler.


gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.


Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy: ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy getiriň.


Galalaryňyzda hiç biriňiz dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny, göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy, meýletin we üwreme sadakalaryňyzy iýmeli dälsiňiz.


Siz bagyş eden zatlaryňyzy we aýdan sadakalaryňyzy Rebbiň saýlajak ýerine getiriň.


we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ