Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 7:12 - Mukaddes Kitap

12-13 eger kimdir biri salamatlyk gurbanlygyny Hudaýa şükür hökmünde hödürleýän bolsa, onda ol gurbanlyk beriljek mal bilen birlikde zeýtun ýagyna ýugrulan külçeler, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler we zeýtun ýagyna ýugrulyp, saýlama bugdaý unundan bişirilen petir we çörek hödür etsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12-13 эгер кимдир бири саламатлык гурбанлыгыны Худая шүкүр хөкмүнде хөдүрлейән болса, онда ол гурбанлык берилҗек мал билен бирликде зейтун ягына югрулан күлчелер, йүзүне зейтун ягы чалнан челпеклер ве зейтун ягына югрулып, сайлама бугдай унундан биширилен петир ве чөрек хөдүр этсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 7:12
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Hizkiýa: «Indi siz özüňizi Rebbe bagyş etdiňiz. Golaý geliň-de, Rebbiň öýüne gurbanlyklar, şükür gurbanlyklaryny getiriň» diýdi. Halk gurbanlyklar we şükür gurbanlyklaryny getirdiler; göwnünden çykaran her kes ýakma gurbanlyklaryny getirdi.


Manaşa Rebbiň gurbanlyk sypasyny täzeden dikip, onda salamatlyk we şükür gurbanlyklaryny hödür etdi. Ol ýahuda halkyna Ysraýyl Hudaýy Rebbe hyzmat etmekligi tabşyrdy.


Şol gün olar köp gurbanlyklar berip şatlandylar. Çünki Hudaý olara uly şatlyk eçilipdi. Aýallardyr çagalar-da şatlanyşyp, Iýerusalimiň şowhuny alyslardan eşidildi.


Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden: «Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin hem-de Sukot deresini ölçärin.


şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar: ‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun! Çünki Reb ýagşydyr, sadyk söýgüsi bakydyr!’ Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.


Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan. Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.


Eger siz tamdyrda ýapylan petiri sadaka bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan bişirilen, zeýtun ýagyna ýugrulan, hamyrmaýasyz külçeler ýa-da ojakda bişirilen, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler bolsun.


Eger tabada bişirilen galla sadakasyny bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan, zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen petir bolsun.


Eger Rebbe şükür sadakasyny hödür etseňiz, ony kabul bolar ýaly edip beriň.


Onuň galanyny Harun we onuň ogullary iýsin. Ondan petir bişirilip, olar mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.


Rebbe alkyş hökmünde berlen salamatlyk gurbanlygynyň eti bolsa hödür edilen güni iýilsin. Gurbanlyk etiniň ýekeje bölegi-de ertire galdyrylmasyn.


Hamyrmaýaly çörekden şükür sadakasyny hödürläň, meýletin sadakalaryňyzy jar edip mälim ediň, şeýle etmekden sen lezzet alýaň-a, eý, ysraýyl halky! Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Bir sebet petiri, saýlama bugdaý unundan zeýtun ýagyna ýugrulan külçeleri, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekleri, olar bilen bile galla we içgi sadakasyny bersin.


Ol Isanyň aýaklaryna ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy.


Hudaýy şöhratlandyrmak üçin bu kesekiden başga hiç kim yzyna öwrülmedimi?» diýip sorady.


Olar Hudaý hakda bilseler-de, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrmadylar, Oňa şükür etmediler. Tersine, boş pikirlere ulaşyp, ýüreklerini tümlük gaplady.


Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň.


Şonuň üçin hem Isa arkaly Hudaýa gurbanlyk hökmünde hemişe öwgi bagyş edeliň. Onuň adyna alkyş aýdalyň!


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ