Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 7:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýazyk gurbanlygy örän mukaddes gurbanlykdyr. Onuň berliş kadasy şeýledir:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Язык гурбанлыгы өрән мукаддес гурбанлыкдыр. Онуң берлиш кадасы шейледир:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 7:1
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gündogar derwezesiniň sakçysy lewilerden Ýimnanyň ogly Kore Rebbe berilýän meýletin sadakalaryň üstünden garaýardy. Şeýle hem Rebbe hödürlenen sadakalary we bagyş edilen sadakalary paýlamak işini ýerine ýetirýärdi.


Üstünde ýakma gurbanlygyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny soýar ýaly eýwanyň her tarapynda iki hantagta durdy.


Galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny olar iýerler. Ysraýylda ähli bagyş edilen zatlar olaryňky bolar.


Ol maňa: «Bu ýer ruhanylaryň ýazyk hem günä gurbanlyklaryny gaýnadýan we galla sadakasyny bişirýän ýeridir. Şoňa görä olar daşky howla çykmazlar we halka öz mukaddesliklerini geçirmezler» diýdi.


Nogsanly ruhany Hudaýa hödür edilen iýmitden, mukaddes we iň mukaddes iýmitden iýip biler.


Eger günäliniň iki gumra ýa-da iki kepderä gurby çatmaýan bolsa, onda ol eden günäsi üçin sadaka hökmünde ondan bir batmana barabar saýlama bugdaý ununy getirsin. Onuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn ýa-da ýakymly ysly tütetgi goýulmasyn, çünki bu günä gurbanlygydyr.


«Eger kimdir biri tötänlikde Rebbe berilmeli sadakalary bermän günä gazansa, onda ol Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden şikessiz bir goç getirsin. Ýazyk gurbanlygynyň bahasy mukaddes öýüň ölçegine görä kümüş bilen kesgitlensin.


Eger günäliniň goýna gurby çatmaýan bolsa, eden günäsi üçin töleg hökmünde Rebbe iki sany gumry ýa-da iki kepderi getirsin. Olaryň biri günä gurbanlygy, beýlekisi bolsa ýakma gurbanlygy üçindir.


Ol bulary ruhana getirip bersin. Ruhany öňürti günä gurbanlygy üçin niýetlenen guşy Hudaýa hödür edip, onuň boýun oňurgasyny ýazdyrsyn, ýöne onuň kellesini ýolup aýyrmasyn.


Ol hamyrmaýasyz bolsun. Men muny Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalarymdan olaryň paýy hökmünde berdim. Edil günä gurbanlygy we ýazyk gurbanlygy ýaly bu galla sadakasy hem örän mukaddes sadakadyr.


«Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Günä gurbanlygyň berliş kadasy şeýledir: günä gurbanlygy üçin berilýän malyň damagy Rebbiň huzurynda, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalynsyn. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr.


Ol nazyrlyga täzeden başlamak üçin, özüni Rebbe bagyş etsin we ýazyk gurbanlygy hökmünde birýaşar erkek tokly getirsin. Çünki mukaddes edilen saçyň haram bolandygy üçin, öňki günler hasap edilmeýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ