Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 6:27 - Mukaddes Kitap

27 Harunyň ogullaryndan başga gurbanlyk malynyň etine galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar. Eger onuň gany egin-eşige syçrasa, ol mukaddes ýerde ýuwulsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Харуның огулларындан башга гурбанлык малының этине галташан хер кес бетбагтчылыга учрар. Эгер онуң ганы эгин-эшиге сычраса, ол мукаддес ерде ювулсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 6:27
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gurbanlyk sypasy üçin ýedi günläp päkleme geçirip, ony mukaddes et. Şonda gurbanlyk sypasy iň mukaddes bolar. Ony ellän kişi hem mukaddes bolar.


Olary mukaddes et, şonda olar iň mukaddes zatlar bolar. Olara galtaşan hem mukaddes bolar.


Olar halkyň ýanyna daşky howla çykanlarynda, eginlerindäki eşiklerini çykaryp, olary mukaddes otagda goýarlar; ol eşikleri bilen halka mukaddesliklerini geçirmezlik üçin başga eşikler geýsinler.


Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar.


Harunyň neslinden bolan her bir erkek göbekli bu galla sadakasyndan iýip biler. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan onuň nesilleri üçin ebedilik paýdyr. Bu galla sadakasyna Harunyň ogullaryndan başga galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar».


Eger gurbanlyk malynyň eti islendik haram zada galtaşsa, ol iýilmesin, oda ýakylsyn, halal eti haram saýylmadyk kişi iýip biler.


Eger bir adam Rebbe bagyş edilen eti etegine salyp äkidende, onuň etegi çörege, çorba, şeraba, ýaga ýa-da başga bir iýmite galtaşsa, şolar mukaddes bolarmy?“». Ruhanylar bu soraga: «Ýok» diýip jogap berdiler.


Olar diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etmegini sorap, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de sagaldy.


Ol içinden: «Diňe geýimine elimi degirsem-de sagalaryn» diýýärdi.


Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.


Hudaýdan bolan gynanjyň sizde edenlerini bir görüň! Ol sebäpli sizde nähili gaýrat, özüňizi päklemäge nähili yhlas döredi! Ol sizde, gör, nähili uly gahar, gorky, meni görmäge küýseg, yhlas we adalata bolan islegi oýardy. Siz bu meselede hemmetaraplaýyn müýnsüzdigiňizi subut etdiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ