Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 6:26 - Mukaddes Kitap

26 Ony günä gurbanlygy üçin hödür eden ruhany iýsin. Ol mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Оны гүнә гурбанлыгы үчин хөдүр эден руханы ийсин. Ол мукаддес ерде, Реббе йүз тутулян чадырың ховлусында ийилсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 6:26
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daş-töweregine haýat gurdy we haýadyň derwezesine ýapynja tutdy. Şeýdip, Musa ähli işi tamamlady.


Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.


Ol maňa: «Bu ýer ruhanylaryň ýazyk hem günä gurbanlyklaryny gaýnadýan we galla sadakasyny bişirýän ýeridir. Şoňa görä olar daşky howla çykmazlar we halka öz mukaddesliklerini geçirmezler» diýdi.


Ruhanylar Meniň halkymyň günäsi bilen beslenip, olaryň köpräk etmiş etmegine jan çekýärler.


Onuň galanyny Harun we onuň ogullary iýsin. Ondan petir bişirilip, olar mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.


Ol hamyrmaýasyz bolsun. Men muny Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalarymdan olaryň paýy hökmünde berdim. Edil günä gurbanlygy we ýazyk gurbanlygy ýaly bu galla sadakasy hem örän mukaddes sadakadyr.


Ruhanylar urugyndan bolan her bir erkek göbekli ondan iýip biler. Bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.


Ýazyk gurbanlygynyň berliş kadasy-da edil günä gurbanlygynyň berliş kadasy ýalydyr. Ýazyk gurbanlygynyň eti ýazyklyny günäsinden saplaýan ruhanynyňky bolsun.


Ybadathanada hyzmat edýänler öz iýjegini ybadathanadan alýarlar. Gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler-de gurbanlyk sadakalaryndan paý alýarlar. Bulary özüňizem bilýänsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ