Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 6:2 - Mukaddes Kitap

2 «Eger kimdir biri amanat ýa-da girew goýan kişä biwepalyk etse, ýa-da ogurlyk etse, ýa-da ony aldap, Rebbiň tabşyryklaryny bozsa,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Эгер кимдир бири аманат я-да гирев гоян кишә бивепалык этсе, я-да огурлык этсе, я-да оны алдап, Реббиң табшырыкларыны бозса,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 6:2
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ýeriň adamlary Yshakdan onuň aýaly hakynda soranda, ol «bu meniň aýalym» diýmäge gorkup, olara «bu meniň aýal doganym» diýdi. Yshak Rebeka sebäpli bu ýeriniň halky özüni öldürer öýdýärdi, çünki Rebeka juda owadandy.


Seniň diliň düzýär weýrançylyklary, ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.


Ýakynyňa sebäpsiz ýere şaýatlyk etme, diliň bilen aldama.


Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Madaý! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.


Öwgi aýdymlary ýaňlanýar ýeriň aňry ujunda: «Dogry Bolana şöhrat!» Emma men: «Garamaňlaý, garamaňlaý! Dat günüme! Dönükler dönüklik edýärler, dönükligi çäksiz olaryň» diýdim.


Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler.


Her kim öz dostuny aldaýar, hiç kim hakykaty sözlemeýär. Dillerine ýalan sözlemegi öwretdiler, şer işler edip, toba etmegi bilmediler.


Ýüzi demirgazyga tarap bakýan otag bolsa, gurbanlyk sypasyny goraýan ruhanylar üçindir. Bular lewi tiresinden bolup, Rebbe hyzmat etmek üçin, Oňa ýakynlaşan Sadogyň ogullarydylar».


Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.


Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň.


«Eger kimdir biri tötänlikde Rebbe berilmeli sadakalary bermän günä gazansa, onda ol Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden şikessiz bir goç getirsin. Ýazyk gurbanlygynyň bahasy mukaddes öýüň ölçegine görä kümüş bilen kesgitlensin.


Bu seniň Rebbe garşy eden günäň üçin töleg hökmünde berilýän ýazyk gurbanlygydyr».


Siz diýersiňiz: «Täze Aý baýramy geçsedi, gallamyzy satarys; Sabat güni basym ötsedi, bugdaýmyzy bazara çykararys. Ölçegi kiçeldip, bahany ulaldyp, galp terezi bilen adamlary aldarys.


Pisligi görerden päkdir gözleriň, ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen. Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýaň, erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen nämä dymýaň?


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Ol satylanda-satylmanda hem öz emlägiňdi ahyry. Ony satanyňdan soňam puluny öz isleýşiň ýaly ulanyp bilerdiň. Nädip beýle zady edip bildiň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň».


Indi ýalan sözlemäň-de, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.


Biri-biriňize ýalan sözlemäň, sebäbi siz köne ýaradylyşyňyzy köne urp-adatlary bilen birlikde çykaryp zyňdyňyz.


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ