Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.
Harunyň neslinden bolan her bir erkek göbekli bu galla sadakasyndan iýip biler. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan onuň nesilleri üçin ebedilik paýdyr. Bu galla sadakasyna Harunyň ogullaryndan başga galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar».
«Harunyň we onuň ogullarynyň bellenen güni Rebbe bermeli sadakasy, ine, şundan ybaratdyr: saýlama bugdaý ununyň ondan bir batmanyny gündelik sadaka hökmünde bersinler. Onuň ýarysy ertirine, beýleki ýarysy agşamyna berilsin.
«Haruna we onuň ogullaryna tabşyr. Ýakma gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir: Ýakma gurbanlygy uzakly gije gurbanlyk sypasynyň üstünde goýulmalydyr. Gurbanlyk sypasyndaky ot bolsa öçürilmeli däldir.
Iň mukaddes sadaka hökmünde otda ýakylmaýan zatlardan şular siziňki bolar: olaryň iň mukaddes zat hökmünde Maňa hödür edýän her bir sadakasy, galla sadakasymy, günä gurbanlygymy ýa ýazyk gurbanlygymy, parhy ýok, bular saňa we seniň ogullaryňa degişlidir.