Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 6:18 - Mukaddes Kitap

18 Harunyň neslinden bolan her bir erkek göbekli bu galla sadakasyndan iýip biler. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan onuň nesilleri üçin ebedilik paýdyr. Bu galla sadakasyna Harunyň ogullaryndan başga galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Харуның неслинден болан хер бир эркек гөбекли бу галла садакасындан ийип билер. Бу Реббе от үсти билен берлен садакалардан онуң несиллери үчин эбедилик пайдыр. Бу галла садакасына Харуның огулларындан башга галташан хер кес бетбагтчылыга учрар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 6:18
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gurbanlyk sypasy üçin ýedi günläp päkleme geçirip, ony mukaddes et. Şonda gurbanlyk sypasy iň mukaddes bolar. Ony ellän kişi hem mukaddes bolar.


Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun“».


Ol erkejiň kellesine elini goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Bu günä gurbanlygydyr.


Malyň eýesi elini guzynyň kellesine goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, günä gurbanlygy hökmünde onuň damagyny çalsyn.


Ertesi irden ruhany egnine nepis zygyr matadan tikilen içki geýimini we onuň üstünden zygyr matadan tikilen lybaslaryny geýsin. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň üstündäki otda ýanan ýakma gurbanlyk malynyň külüni aýryp, ony gurbanlyk sypasynyň gapdalynda goýsun.


Harunyň ogullaryndan başga gurbanlyk malynyň etine galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar. Eger onuň gany egin-eşige syçrasa, ol mukaddes ýerde ýuwulsyn.


Ruhanylar urugyndan bolan her bir erkek göbekli ondan iýip biler. Bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.


Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.


Olary siz iň mukaddes zat hökmünde iýmelisiňiz, hemme erkekler olardan iýip bilerler. Bular siziň üçin mukaddesdir.


Reb Haruna şeýle diýdi: «Maňa berlen sadakalara göz-gulak bolmagy saňa tabşyrdym. Ysraýyllaryň ähli mukaddes sowgatlaryny ruhanyçylyk paýyňyz hökmünde saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berdim.


Ybadathanada hyzmat edýänler öz iýjegini ybadathanadan alýarlar. Gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler-de gurbanlyk sadakalaryndan paý alýarlar. Bulary özüňizem bilýänsiňiz.


Sebäbi: «Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin» diýlip ýazylandyr.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ