Harun we onuň ogullary Meniň ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, olary Maňa şeýle bagyş et: bir sany ýaş öküzçe we hiç bir şikessiz iki sany goç al.
Ýüzi demirgazyga tarap bakýan otag bolsa, gurbanlyk sypasyny goraýan ruhanylar üçindir. Bular lewi tiresinden bolup, Rebbe hyzmat etmek üçin, Oňa ýakynlaşan Sadogyň ogullarydylar».
Gurbanlyk sypasynyň üstündäki ot mydama ýanyp dursun, ol hiç haçan sönmesin. Ertirlerine ruhany oduň üstüne odun atsyn. Ýakma gurbanlyk malynyň böleklenen etlerini onuň üstüne örsün. Salamatlyk gurbanlyklarynyň ýagyny-da otda ýaksyn.
«Haruna we onuň ogullaryna tabşyr. Ýakma gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir: Ýakma gurbanlygy uzakly gije gurbanlyk sypasynyň üstünde goýulmalydyr. Gurbanlyk sypasyndaky ot bolsa öçürilmeli däldir.
Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.