Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 6:11 - Mukaddes Kitap

11 Onsoň ruhany zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, başga eşiklerini geýsin we küli düşelgäniň daşyna çykaryp, halal ýere döksün.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Онсоң руханы зыгыр матадан тикилен лыбасларыны чыкарып, башга эшиклерини гейсин ве күли дүшелгәниң дашына чыкарып, халал ере дөксүн.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 6:11
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gurbanlyk sypasy üçin ýedi günläp päkleme geçirip, ony mukaddes et. Şonda gurbanlyk sypasy iň mukaddes bolar. Ony ellän kişi hem mukaddes bolar.


Olar halkyň ýanyna daşky howla çykanlarynda, eginlerindäki eşiklerini çykaryp, olary mukaddes otagda goýarlar; ol eşikleri bilen halka mukaddesliklerini geçirmezlik üçin başga eşikler geýsinler.


Günä gurbanlygy hökmünde hödürlenen we günäden saplamak üçin ganlary iň mukaddes otaga getirilen öküzçe bilen erkejiň läşleri düşelgäniň daşyna çykarylsyn. Olaryň derisi, eti we garyn-gajagy ýakylsyn.


Bu çörekler Harun we onuň ogullarynyňkydyr. Olar mukaddes ýerde iýilsin. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlarynyň içinde ruhanylar üçin örän mukaddesi şudur. Bu siziň üçin ebedi parzdyr».


Soňra baş ruhany öküzçäni düşelgäniň daşyna çykardyp, ony-da birinji öküzçäni ýakdyryşy ýaly edip ýakdyrsyn. Bu halkyň günä gurbanlygydyr.


Ertesi irden ruhany egnine nepis zygyr matadan tikilen içki geýimini we onuň üstünden zygyr matadan tikilen lybaslaryny geýsin. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň üstündäki otda ýanan ýakma gurbanlyk malynyň külüni aýryp, ony gurbanlyk sypasynyň gapdalynda goýsun.


Gurbanlyk sypasynyň üstündäki ot mydama ýanyp dursun, ol hiç haçan sönmesin. Ertirlerine ruhany oduň üstüne odun atsyn. Ýakma gurbanlyk malynyň böleklenen etlerini onuň üstüne örsün. Salamatlyk gurbanlyklarynyň ýagyny-da otda ýaksyn.


«Harunyň we onuň ogullarynyň bellenen güni Rebbe bermeli sadakasy, ine, şundan ybaratdyr: saýlama bugdaý ununyň ondan bir batmanyny gündelik sadaka hökmünde bersinler. Onuň ýarysy ertirine, beýleki ýarysy agşamyna berilsin.


Galla sadakasyny Harunyň neslinden bolan, başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhany taýýarlamalydyr. Bu sadaka Rebbe ebedilik paý hökmünde tutuşlygyna ýakylsyn.


Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ