Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 6:10 - Mukaddes Kitap

10 Ertesi irden ruhany egnine nepis zygyr matadan tikilen içki geýimini we onuň üstünden zygyr matadan tikilen lybaslaryny geýsin. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň üstündäki otda ýanan ýakma gurbanlyk malynyň külüni aýryp, ony gurbanlyk sypasynyň gapdalynda goýsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эртеси ирден руханы эгнине непис зыгыр матадан тикилен ички гейимини ве онуң үстүнден зыгыр матадан тикилен лыбасларыны гейсин. Соңра ол гурбанлык сыпасының үстүндәки отда янан якма гурбанлык малының күлүни айрып, оны гурбанлык сыпасының гапдалында гойсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 6:10
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýürek arzuwlaryny Sen oňa berdiň; diliniň dilegini Sen ret etmediň.


Duşmanlarym bolsa diri hem güýçli; meni nähak ýere ýigrenýänler köpeldi.


Olar halkyň ýanyna daşky howla çykanlarynda, eginlerindäki eşiklerini çykaryp, olary mukaddes otagda goýarlar; ol eşikleri bilen halka mukaddesliklerini geçirmezlik üçin başga eşikler geýsinler.


Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Harun iň mukaddes otaga girmezinden öň suwa düşünip, nepis zygyr matadan tikilen mukaddes dony geýsin. Donuň aşagyndan zygyr matadan tikilen içki geýimleri geýsin we biline zygyr matadan edilen guşagy guşanyp, kellesine zygyr matadan selle oransyn.


Rebbe sadaka berjek çöregiňiz hiç wagt hamyrmaýaly bolmasyn. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka hamyrmaýaly bolmaly däldir ýa-da bal goşulmaly däldir.


Nogsanly ruhany Hudaýa hödür edilen iýmitden, mukaddes we iň mukaddes iýmitden iýip biler.


Onsoň ruhany zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, başga eşiklerini geýsin we küli düşelgäniň daşyna çykaryp, halal ýere döksün.


Harunyň neslinden bolan her bir erkek göbekli bu galla sadakasyndan iýip biler. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan onuň nesilleri üçin ebedilik paýdyr. Bu galla sadakasyna Harunyň ogullaryndan başga galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar».


Galla sadakasyny Harunyň neslinden bolan, başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhany taýýarlamalydyr. Bu sadaka Rebbe ebedilik paý hökmünde tutuşlygyna ýakylsyn.


«Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlygy üçin berilýän öküzçäni, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür».


«Siz bu jemagatdan bir gyra çekiliň, Men bulary bir demde ýok edeýin!»


Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.


Nepis, ap-ak we tämiz zygyra beslenen gökdäki goşun ak atlara atlanyp, Onuň yzyndan gelýärdi.


Oňa beslenmäge nepis, parlak, päk zygyrdan lybas berildi». Bu lybas Hudaýyň halkynyň dogry işleridir.


Onsoň ýaşululardan biri menden: «Bu ak lybasa beslenenler kim, nireden gelipdirler?» diýip sorady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ