Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 5:9 - Mukaddes Kitap

9 Onsoň ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guşuň ganyndan gurbanlyk sypasynyň gapdalyna biraz sepeläp, galan gany gurbanlyk sypasynyň düýbüne akdyrsyn. Bu günä gurbanlygydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Онсоң руханы гүнә гурбанлыгы үчин берлен гушуң ганындан гурбанлык сыпасының гапдалына бираз сепеләп, галан ганы гурбанлык сыпасының дүйбүне акдырсын. Бу гүнә гурбанлыгыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 5:9
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz dogrulygy zerarly kanunyny beýgeltmek, şöhratlandyrmak Rebbe ýarady.


Ruhany gurbanlyk guşunyň boýnuny ýolup, onuň kellesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň gapdalyna akdyrsyn.


Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Galan gany bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Ruhany bolsa günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Ruhany onuň ganyna barmagyny batyryp, ol ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol sypanyň düýbüne döksün.


Ruhany günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdaky – Rebbiň huzuryndaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


ýazyk gurbanlyk malynyň damagy ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalnyp, onuň gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpilsin.


Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.


Isany jebirli ölümi arkaly kämil etmeklik hemme zady Özi üçin we Özi arkaly ýaradan Hudaýa ýaraşdy. Sebäbi Hudaý Onuň ölümi arkaly ençeme ogullary şöhrata besledi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ