Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 5:4 - Mukaddes Kitap

4 Kimdir biri ýamanlyk ýa-da ýagşylyk etmek üçin, soňuny saýman tötänden ant içse, onda ol muny aňan badyna, nähili ant içilendigine garamazdan, ýazykly saýylsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Кимдир бири яманлык я-да ягшылык этмек үчин, соңуны сайман төтәнден ант ичсе, онда ол муны аңан бадына, нәхили ант ичилендигине гарамаздан, языклы сайылсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 5:4
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne Dawut patyşa özüniň Ýonatan bilen Rebbiň öňünde äht edişendigi sebäpli onuň ogly Mepiboşede rehim etdi.


Patyşa ant içip: «Eger men şu gün Şapadyň ogly Elýaşanyň kellesini almasam, goý, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


Reb ýurt ilatynyň erbetlikleri zerarly, derýalary öwürýär çölüstanlyga, suwuň gözbaşlaryny – teşne topraga, bereketli topragy – şorluk ýerlere.


Ýokarda agzalan günälerden birini eden günälini ruhany günä gurbanlygy üçin berlen un bilen günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. Galan un galla sadakasy ýaly ruhanynyňky bolar“».


Kimdir biri haramlygyna, haram edýän islendik zada tötänlikden galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, ýazykly saýylsyn.


Emma atasy bulary eşidip, öz närazylygyny bildirse, gyzynyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjüni ýitirýär. Atasynyň oňlamandygy sebäpli, Reb bu gyzy bagyşlar.


äri hem bu zatlardan habarly bolubam hiç zat diýmese, onda gyzyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjünde galar.


Şonda Hirod gyza ant içip, dilän zadyny berjekdigine söz berdi.


Han gamgyn boldy, emma myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, Ýahýanyň başynyň oňa getirilip berilmegini buýurdy.


Onsoň ant içip, patyşa ýene-de: «Menden näme dilegiň bolsa aýt, şalygymyň ýarysy-da bolsa, saňa bererin» diýdi.


Ertesi gün ýahudylar biri-birleri bilen dil birikdirip, Pawlusy öldürýänçäler, iýip-içmezlige kasam etdiler.


Olar Rahaba: «Eger biziň işimiziň syryny açmasaň, onda, goý, janymyz size pida bolsun! Reb bu ýurdy bize beren wagtynda, biz hem size, hakykatdan-da, rehimdarlyk ederis» diýdiler.


Ýeşuwa olar bilen ylalaşyk baglaşdy we olary diri galdyrjakdygyna söz berdi, jemagat baştutanlary hem ony tassyklap kasam etdiler.


onda men ammonlylary ýeňip, yzyma dolanyp gelenimde derwezämden ilkinji çykan Seniňkidir. Men şony Rebbe ýakma gurbanlyk edip berjekdirin».


ýöne biz olara gyz berip bilmeris, çünki: „Kim benýaminlä gyz berse, oňa nälet bolsun“ diýip ant içipdik» diýdiler.


Biz olara gyz bermezlige Rebbiň huzurynda ant içdik. Indi olaryň diri galanlarynyň aýal meselesini nähili çözmeli bolarkak?


Eger çynyňyz bilen ak ýürekden Ýerubagal bilen onuň maşgalasyna dogry iş eden bolsaňyz, onda Abymelege şatlanyň, ol hem size şatlansyn.


Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».


Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ