Onsoň Eýlam ogullaryndan bolan Ýehiýeliň ogly Şekanýa Ezra ýüzlenip: «Biz keseki halkdan bolan aýallara öýlenip, Hudaýymyza biwepalyk etdik. Emma muňa garamazdan, Ysraýylda entegem umyt bar.
Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden bir şikessiz goç ýa-da şonuň ýerini tutjak zat getirsin. Ruhany şu goç arkaly günälini tötänlikde eden günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.
Eger günäliniň goýna gurby çatmaýan bolsa, eden günäsi üçin töleg hökmünde Rebbe iki sany gumry ýa-da iki kepderi getirsin. Olaryň biri günä gurbanlygy, beýlekisi bolsa ýakma gurbanlygy üçindir.
Heý, ynsan Hudaýyň hakyny iýermi? Siz Meniň hakymy iýdiňiz! Siz bolsa: «Biz nädip Seniň hakyňy iýdik?» diýýärsiňiz. Hasylyňyzyň ondan bir bölegini bermekde we sadakalaryňyzda iýdiňiz!