Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 5:16 - Mukaddes Kitap

16 Ol Hudaýa berilmeli sadakalarynyň baryny, üstüne goşmaça bäşden birini goşup, ruhana bersin. Ruhany ýazyk gurbanlygyna berlen goç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Ол Худая берилмели садакаларының барыны, үстүне гошмача бәшден бирини гошуп, рухана берсин. Руханы язык гурбанлыгына берлен гоч билен гүнәлини гүнәсинден сапласын ве Худай онуң гүнәсини гечер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 5:16
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Maňa «haý, haý!» diýýänler, utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.


«Bir adam öküz ýa-da goýun ogurlap, ony soýsa ýa-da satsa, ol bir öküze derek bäş öküz, bir goýna derek dört goýun bermeli. Eger onuň hiç zady ýok bolsa, ogurlan zatlary üçin ol özüni gulçulyga satmaly.


Eger bir adam tötänlikden mukaddes sadakadan iýse, onda ol onuň bahasynyň bäşden birini üstüne goşup, mukaddes sadakany ruhana bersin.


Eger malyň eýesi ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne ýene bäşden birini goşsun.


Eger-de öýüni bagyş eden adam ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol kesilen bahanyň üstüne ýene bäşden birini goşsun. Şondan soň öý öz eýesine gaýtarylyp berler.


Eger ol mal haram bolsa, onda malyň eýesi ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne bäşden birini goşup, ony yzyna satyn alsyn. Eger mal yzyna satyn alynmasa, kesilen baha görä satylsyn.


Eger kimdir biri öz ondan birini yzyna satyn almak islese, ondan biriniň nyrhynyň üstüne bäşden birini goşsun.


Baş ruhany günä gurbanlygy üçin berlen öküzçe bilen näme eden bolsa, bu öküzçe bilen hem şeýle etsin. Ol günä gurbanlygy üçin berlen bu öküzçe bilen halky günäsinden saplasyn we Hudaý halkyň günäsini geçer.


Erkejiň bar ýagyny ruhany edil salamatlyk gurbanlygynyňky ýaly edip, gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen erkeç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Beýlekisini ruhany höküm boýunça, ýakma gurbanlygy üçin Hudaýa hödür etsin. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen gumry ýa-da kepderi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Ýokarda agzalan günälerden birini eden günälini ruhany günä gurbanlygy üçin berlen un bilen günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. Galan un galla sadakasy ýaly ruhanynyňky bolar“».


Ol eden günäsi üçin töleg hökmünde sürüden bir urkaçy janlyny: goýny ýa-da geçini Rebbe günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany günä gurbanlygy üçin berlen goýun ýa-da geçi bilen günälini günäsinden saplasyn.


ýazyk gurbanlyk malynyň damagy ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalnyp, onuň gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpilsin.


ol eden günäsini boýun alsyn we günäsi üçin öwezlik tölegini tölesin. Ýene onuň üstüne öwezlik tölegiň bäşden bir bölegini goşup, jebir çeken kişä bersin.


Eger jebir çeken ölse we hun almaga hossary bolmasa, onda edilen günä üçin tölenen hun Rebbe bagyş edilip, ruhana berilsin. Bu günäkäriň günäsini saplamak üçin üstesine goç hem berilsin.


Zakkaý bolsa ýerinden turup, Reb Isa: «Eý, Agam! Indi men baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadyny nähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin» diýdi.


Ilki bilen Damaskda, Iýerusalimde, soňra tutuş Ýahudyýada, şeýle hem, keseki milletleriň arasynda: „Günäleriňiz üçin toba ediň, Hudaýa dolanyň, toba edendigiňizi oňat işleriňiz bilen subut ediň“ diýip wagyz etdim.


Olar: «Eger siz Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny yzyna gaýtarmakçy bolsaňyz, onda ony boş goýbermäň, Hudaýa ýazyk gurbanlygyny beriň. Şonda siz beladan gutularsyňyz we Onuň näme sebäpden özüňizi yzyny üzmän jezalandyrandygyna göz ýetirersiňiz» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ