Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 5:15 - Mukaddes Kitap

15 «Eger kimdir biri tötänlikde Rebbe berilmeli sadakalary bermän günä gazansa, onda ol Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden şikessiz bir goç getirsin. Ýazyk gurbanlygynyň bahasy mukaddes öýüň ölçegine görä kümüş bilen kesgitlensin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 «Эгер кимдир бири төтәнликде Реббе берилмели садакалары бермән гүнә газанса, онда ол Реббе язык гурбанлыгы хөкмүнде сүрүден шикессиз бир гоч гетирсин. Язык гурбанлыгының бахасы мукаддес өйүң өлчегине гөрә күмүш билен кесгитленсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 5:15
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma ýazyk sadakasy bilen günä sadakasyna berlen kümüş Rebbiň öýüne getirilmedi, çünki ol ruhanylaryňkydy.


Olar aýallaryny aýyrjakdyklaryna ant içip, ýazyklary üçin sürüden bir goç alyp, ýazyk gurbanlygyny berdiler.


Ine, hasaba alnanlaryň tölemeli zady: mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça ýarym şekel kümüş. Bir şekel iki mysgala deňdir. Maňa sadaka hökmünde ýarym şekel kümüş bersinler.


Üstünde ýakma gurbanlygyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny soýar ýaly eýwanyň her tarapynda iki hantagta durdy.


Dowarlardan alnan janly ýakma gurbanlyk berilýän bolsa, onda bu gurbanlyk janlysy hiç bir şikessiz goç ýa-da erkeç bolsun.


Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.


Ruhany guzularyň birini alyp, ýazyk gurbanlygy hökmünde bir şakäse zeýtun ýagy bilen bile, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn.


Ýigrimi ýaşdan altmyş ýaşa çenli bolan erkek adamyň bahasy mukaddes öýüň kesgitlän ölçegine görä bir ýüz mysgal kümüş bolsun.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Ol Hudaýa berilmeli sadakalarynyň baryny, üstüne goşmaça bäşden birini goşup, ruhana bersin. Ruhany ýazyk gurbanlygyna berlen goç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden bir şikessiz goç ýa-da şonuň ýerini tutjak zat getirsin. Ruhany şu goç arkaly günälini tötänlikde eden günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Soňra ol özüniň Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde ruhana sürüden bir şikessiz goç ýa-da onuň ýerini tutjak başga bir zat getirip bersin.


Ýazyk gurbanlygy örän mukaddes gurbanlykdyr. Onuň berliş kadasy şeýledir:


Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.


we bu säwligi halk tötänlikde goýberen bolsa, onda bütin halk bir öküzçäni Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Onuň ýany bilen düzgüne görä galla we içgi sadakasyny bersinler hem-de bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür etsinler.


Eger jebir çeken ölse we hun almaga hossary bolmasa, onda edilen günä üçin tölenen hun Rebbe bagyş edilip, ruhana berilsin. Bu günäkäriň günäsini saplamak üçin üstesine goç hem berilsin.


Siz bagyş eden zatlaryňyzy we aýdan sadakalaryňyzy Rebbiň saýlajak ýerine getiriň.


Olar: «Eger siz Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny yzyna gaýtarmakçy bolsaňyz, onda ony boş goýbermäň, Hudaýa ýazyk gurbanlygyny beriň. Şonda siz beladan gutularsyňyz we Onuň näme sebäpden özüňizi yzyny üzmän jezalandyrandygyna göz ýetirersiňiz» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ