Ýokarda agzalan günälerden birini eden günälini ruhany günä gurbanlygy üçin berlen un bilen günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. Galan un galla sadakasy ýaly ruhanynyňky bolar“».
«Eger kimdir biri tötänlikde Rebbe berilmeli sadakalary bermän günä gazansa, onda ol Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden şikessiz bir goç getirsin. Ýazyk gurbanlygynyň bahasy mukaddes öýüň ölçegine görä kümüş bilen kesgitlensin.