Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Kimdir biri bolan işi görüp ýa-da bilibem, bolan işe şaýatlyk etmegi soralanda, ondan boýun gaçyrsa, ol öz jezasyny çekmelidir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Кимдир бири болан иши гөрүп я-да билибем, болан ише шаятлык этмеги сораланда, ондан боюн гачырса, ол өз җезасыны чекмелидир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 5:1
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa oňa: «Maňa Rebbiň adyndan hakykatdan başga zat aýtmazlygy saňa näçe gezek ant içirmeli?» diýdi.


Bir adam başga bir adama garşy günä edip, ant içmäge mejbur edilse, ol gelip, şu öýde Seniň gurbanlyk sypaňyň öňünde günäsizdigine ant içse,


Patyşa oňa: «Maňa Rebbiň adyndan hakykatdan başga zat aýtmazlygy saňa näçe gezek ant içirmeli?» diýdi.


Ýüregim tutaşdy meniň içimde, ot alawlady oý-hyýalymda, ahyrsoňy dilimi ýardym:


goňşusynyň emlägine el urmandygy hakda ikisiniň arasynda Rebbiň adyndan ant içilsin. Amanat beren mal eýesi muny kabul etsin we oňa jerime tölemek gerek däl.


Ogry bilen şärik bolýan özüni ýigrenýändir, ol günälenmegi eşitse-de, hiç gepläp bilmeýär.


Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.


Çünki ýurt zynahorlykdan doludyr, ýurt nälet zerarly ýas tutýar, çölüň örüleri guraýar. Adamlar pis ýola düşüp, güýçlerini zorluga sarp edýär.


Günä eden adam ölmelidir; atasynyň ýazygyny ogly çekmez, oglunyň ýazygyny-da atasy çekmez. Dogruçyl adam dogruçyllygynyň, erbet adam erbetliginiň jogabyny alar.


Ine, her bir diri jan Meniňkidir. Atalaryň jany-da, ogullaryň jany-da Meniňkidir; diňe günä eden jan öler.


Eger ol geýimlerini ýuwmasa ýa-da suwa düşmese, onda ol öz jezasyny çekmeli“».


Ol gurbanlykdan iýen öz jezasyny çeker, çünki ol Rebbe bagyş edilen zady harlandyr. Şol sebäpli bu adam öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn.


Eger bir adam öz gyz doganyna, kakasynyň ýa ejesiniň gyzyna öýlense, olar köpçüligiň öňünde masgaralanyp, öz halkynyň arasyndan çykarylsyn. Ol adam öz gyz dogany bilen jyns gatnaşygyny edenligi üçin jezalandyrylmalydyr.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


«Eger kimdir biri tötänlikde Rebbe berilmeli sadakalary bermän günä gazansa, onda ol Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden şikessiz bir goç getirsin. Ýazyk gurbanlygynyň bahasy mukaddes öýüň ölçegine görä kümüş bilen kesgitlensin.


Eger kimde-kim Rebbiň beren buýruklarynyň birini tötänlikde bozup, günä gazansa, ol ýazyklydyr we öz jezasyny çekmelidir.


Eger salamatlyk gurbanlygynyň etinden üçülenji gün iýilse, onda ol kabul bolmaz we ony hödür eden üçin hasaba alynmaz. Ol nejisdir, ondan iýen jezany çekmeli.


Emma kimde-kim tämizdigine we uzak ýola gitmändigine garamazdan, Pesah baýramyny bellemese, onda ol Rebbe berilmeli sadakany bellenen wagtynda bermänligi üçin, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Beýle adam eden günäsi üçin jezasyny çekmelidir.


Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi.


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Ol öz ejesine: «Sen bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ogurlatdyň, ony alana meniň ýanymda gargyş etdiň, seniň şol kümüşleriň mende, olary men aldym. Emma men olary häzir saňa gaýtaryp berýän» diýdi. Ejesi: «Reb seni ýalkasyn, oglum!» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ