Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 4:7 - Mukaddes Kitap

7 Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdaky – Rebbiň huzuryndaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Соңра баш руханы Реббе йүз тутулян чадырдакы – Реббиң хузурындакы якымлы ыслы түтетги якылян гурбанлык сыпасының шахларына бираз ган чалсын. Өкүзчәниң галан ганыны болса Реббе йүз тутулян чадырың агзындакы якма гурбанлык сыпасының дүйбүне дөксүн.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 4:7
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Maňa düşündir Öz düzgünleriňiň ýoluny, ajaýyp işleriň barada men oýlanaýyn.


Öküziň ganyndan alyp, barmagyň bilen gurbanlyk sypasynyň ýokary çykyp duran burçlaryna çal. Galan ganyň hemmesini gurbanlyk sypasynyň düýbüne dök.


Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Soňra ol çykyp, Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasyny halallasyn. Öküzçäniň we erkejiň ganyndan alyp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn.


Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Galan gany bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Ruhany bolsa günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Ruhany onuň ganyna barmagyny batyryp, ol ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol sypanyň düýbüne döksün.


Ruhany günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Onsoň ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guşuň ganyndan gurbanlyk sypasynyň gapdalyna biraz sepeläp, galan gany gurbanlyk sypasynyň düýbüne akdyrsyn. Bu günä gurbanlygydyr.


Emma mukaddes otagda günäden saplamak üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň içine gany getirilen günä gurbanlygy üçin berlen malyň eti iýilmeli däldir. Ol oda ýakylmalydyr.


Musa öküzçäniň damagyny çaldy. Ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony gurbanlyk sypasynyň şahlaryna barmagy bilen çalyp, gurbanlyk sypasyny halallady. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. Şeýdip, Musa gurbanlyk sypasyny halallamak üçin ony mukaddes etdi.


Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny ruhana getirip berdiler. Harun barmagyny gana batyryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çaldy we galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi.


indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz.


Şu sebäpli hem çagyrylanlary Hudaýyň wada eden ebedi mirasyna gowşurmak üçin, Isa Mesih täze ähtiň Binýatçysy boldy. Olary owalky äht döwründe eden günäleriniň jezasyndan azat etmek üçin Ol gurban boldy.


Şonuň ýaly hem, Musa çadyryň we sežde etmekde ulanylýan ähli zatlaryň hem üstüne gan seperdi.


Guzy bäşinji möhüri döwende, gurbanlyk sypasynyň aşagynda Hudaýyň Hoş Habary ugrunda we eden şaýatlyklary üçin öldürilenleriň janlaryny gördüm.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ