Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 4:6 - Mukaddes Kitap

6 Baş ruhany gana barmagyny batyryp, Rebbiň huzuryna – iň mukaddes otagyň tutusynyň öňüne gany ýedi gezek sepelesin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Баш руханы гана бармагыны батырып, Реббиң хузурына – иң мукаддес отагың тутусының өңүне ганы еди гезек сепелесин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 4:6
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Musa Rebbiň buýruşy ýaly, Äht sandygyny mukaddes çadyra getirip goýdy. Onuň öňünden tuty asyp, ony aýratyn goýdy.


Altyndan edilen sypany getirip, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, tutynyň öňünde goýdy.


Onsoň çep elindäki ýaga sag eliniň barmagyny batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin.


Elindäki ýagyň galanyny ruhany tämizlenýän adamyň kellesine çalsyn. Şeýdip, ruhany ol adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin.


Onsoň ruhany sag eliniň barmagyny çep elindäki ýaga batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin.


Onsoň ruhany deri keselinden tämizlenmeli adamyň üstüne gandan ýedi gezek sepeläp, ony tämiz diýip yglan etsin. Soňra ol guşy açyk meýdana uçuryp goýbersin.


Soňra ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony barmagy bilen Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we Äht sandygynyň öňüne ýedi gezek sepelesin.


Ol barmaklary bilen ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne gan sepeläp, ony ysraýyl halkynyň haramlyklaryndan tämizläp, mukaddes etsin.


Ýedi ýyly ýedi gezek sanap geçir. Şonda ol kyrk dokuz ýyl bolýandyr.


Şeýle betbagtçylyklardan soňam siz Maňa gulak asmasaňyz, onda Men size öňküden ýedi esse artyk jeza bererin.


Onsoň baş ruhany barmagyny gana batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzuryna – iň mukaddes otagyň öňüne sepelesin.


Ruhany bolsa günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Ruhany onuň ganyna barmagyny batyryp, ol ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol sypanyň düýbüne döksün.


Ruhany günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Ýagdan ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne sepeläp, ol gurbanlyk sypasyny, onuň ähli enjamlaryny, legeni we onuň sütünini mukaddes etdi.


Musa öküzçäniň damagyny çaldy. Ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony gurbanlyk sypasynyň şahlaryna barmagy bilen çalyp, gurbanlyk sypasyny halallady. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. Şeýdip, Musa gurbanlyk sypasyny halallamak üçin ony mukaddes etdi.


Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny ruhana getirip berdiler. Harun barmagyny gana batyryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çaldy we galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi.


Ruhany Elgazar onuň ganyna barmagyny batyryp, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne tarap ýedi gezek sepelesin.


Batly çalnan surnaýlaryň seslerini eşiden badyňyza, ähliňiz gaty sesiňiz bilen gygyryň, şonda galanyň diwarlary ýykylar. Şol wagt ähli adamlar galanyň içine kürsäp girsinler».


Ýaragly goşun surnaýlaryny çalyp barýan ruhanylaryň öňünden gitdi we yzky gorag goşuny Rebbiň Äht sandygynyň yzyna düşdi. Tutuş şol wagt surnaý sesleriniň yzy üzülenokdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ