Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 4:35 - Mukaddes Kitap

35 Salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen goýnuň bar ýagynyň alnyşy ýaly, bu günä gurbanlygy üçin hödürlenen guzynyň hem ähli ýagy alynsyn. Ruhany ony alyp, Rebbe ot üsti bilen berlen beýleki gurbanlyklar bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guzy bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Саламатлык гурбанлыгы үчин өлдүрилен гойнуң бар ягының алнышы ялы, бу гүнә гурбанлыгы үчин хөдүрленен гузының хем әхли ягы алынсын. Руханы оны алып, Реббе от үсти билен берлен бейлеки гурбанлыклар билен биле гурбанлык сыпасында яксын. Шейдип, руханы гүнә гурбанлыгы үчин берлен гузы билен гүнәлини гүнәсинден сапласын ве Худай онуң гүнәсини гечер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 4:35
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger dogran aýalyň tokla gurby çatmasa, onda ol iki gumryny ýa-da iki kepderini – birini ýakma gurbanlygy üçin, beýlekisini günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany-da ol aýaly hödür eden ýakma gurbanlygy bilen haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal tämiz bolar“».


Elindäki ýagyň galanyny ruhany tämizlenýän adamyň kellesine çalsyn. Şeýdip, ruhany ol adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin.


Ruhany diri guşy galanyň daşyna çykaryp, ony açyk meýdana uçuryp goýbersin. Şeýdip, ol öýi halallasyn, şondan soň öý tämiz bolar.


Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa, ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Şeýdip, Rebbiň huzurynda ruhany ol adamy suwuklyk akmasy zerarly bolan haramlykdan tämizlesin.


Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda bu ýazyk gurbanlygynyň goçy bilen, ony eden günäsinden saplasyn we Hudaý günäliniň eden günäsini geçer.


Baş ruhany günä gurbanlygy üçin berlen öküzçe bilen näme eden bolsa, bu öküzçe bilen hem şeýle etsin. Ol günä gurbanlygy üçin berlen bu öküzçe bilen halky günäsinden saplasyn we Hudaý halkyň günäsini geçer.


Erkejiň bar ýagyny ruhany edil salamatlyk gurbanlygynyňky ýaly edip, gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen erkeç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Beýlekisini ruhany höküm boýunça, ýakma gurbanlygy üçin Hudaýa hödür etsin. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen gumry ýa-da kepderi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Ýokarda agzalan günälerden birini eden günälini ruhany günä gurbanlygy üçin berlen un bilen günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. Galan un galla sadakasy ýaly ruhanynyňky bolar“».


Ol eden günäsi üçin töleg hökmünde sürüden bir urkaçy janlyny: goýny ýa-da geçini Rebbe günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany günä gurbanlygy üçin berlen goýun ýa-da geçi bilen günälini günäsinden saplasyn.


Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda günälini günäsinden saplasyn we şonda onuň nähili günä edendigine garamazdan, Hudaý onuň günäsini geçer».


Onsoň Musa Haruna şeýle diýdi: «Gurbanlyk sypasyna golaý bar-da, öz günä gurbanlygyňy we ýakma gurbanlygyňy ber, özüňi we halkyňy günälerinden sapla. Rebbiň buýruşy ýaly, halky beren gurbanlygy bilen günälerinden sapla».


Ruhany bütin ysraýyl halkyny günäsinden saplasyn, şonda olaryň günäsi geçiler. Çünki halk tötänlikden günä etdi we olar öz sadakalaryny Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde hödür etdiler. Öz ýalňyşlyklary üçin Rebbe günä gurbanlygyny berdiler.


Ruhany Rebbiň huzurynda ýalňyşyp günä edeni günäsinden saplasyn, onuň günäsi geçiler.


Isa Mesih bolsa bu Kanunyň maksadyny amala aşyrdy. Şonuň üçin-de, Oňa iman edýän her kes Hudaý tarapyndan aklanandyr.


Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyrylyp, Hudaýyň nazarynda aklanylmagymyz üçin direldildi.


Şeýlelikde, Isa Mesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez.


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.


Ogly arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azatlyga çykardy.


Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.


Şeýlelikde, ykrar eden imanymyzy berk saklalyň! Çünki biziň göge çykyp, Hudaýyň huzuryna baran beýik Baş Ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly Isadyr.


Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


«Ol hiç hili günä etmedi, agzyndan bir ýalan söz çykmady».


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.


Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.


Ol biziň üçin gurban boldy. Hudaý Ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ