Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 4:27 - Mukaddes Kitap

27-28 Eger ýönekeý halkdan biri Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, bir şikessiz geçini gurbanlyk bersin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27-28 Эгер йөнекей халкдан бири Реббиң берен буйрукларыны төтәнликден бозуп, гүнә этсе, ол гүнәси барада оңа дуйдурылан бадына, бир шикессиз гечини гурбанлык берсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 4:27
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýerli adam üçin hem, araňyzda ýaşaýan her bir gelmişek üçin hem ýeke-täk bir kanun bolmalydyr».


Emma Ysraýylda ähli baýramlarda Täze Aý baýramynda, dabaralarda, Sabat günlerinde ýakma gurbanlygyny, galla we içgi sadakalaryny bermek hökümdaryň borjudyr. Ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin günä gurbanlygyny, galla sadakasyny, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny getirjek oldur».


Ýalňyşlyk bilen ýa-da bilmän günä eden adam üçin-de aýyň ýedisine şeýle edersiňiz; şunlukda, öýi-de murdarlykdan saplarsyňyz.


Eger bütin ysraýyl halky öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, bu günä iş hem jemagatdan ýaşyrylyp, olaryň eden günäleriniň üsti açylan badyna, jemagat günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirsin.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Eger baştutanlardan biri öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, gurbanlyk hökmünde şikessiz bir erkeji getirsin.


Eger kimde-kim Rebbiň beren buýruklarynyň birini tötänlikde bozup, günä gazansa, ol ýazyklydyr we öz jezasyny çekmelidir.


Soňra Harun halkyň gurbanlygyny hödürledi. Ol halkyň günäleri üçin gurban ediljek erkeji getirip, onuň damagyny çaldy-da, öňki gurbanlyk ýaly, muny hem günä gurbanlygy hökmünde hödürledi.


Size-de, araňyzda ýaşaýan gelmişeklere-de kada-kanunlar birmeňzeşdir».


Eger siz tötänlikde ýalňyşyp, Rebbiň Musa aýdan bu buýruklaryny – Rebbiň Musa arkaly size buýran ähli tabşyryklaryny Rebbiň buýran gününden başlap, tä soňky nesilleriňize çenli berjaý etmeseňiz


Eger bir kişi tötänlikden günä etse, goý, ol günä gurbanlygy üçin birýaşar urkaçy çebşi hödür etsin.


Tötänlikde günä edip, araňyzda ýaşaýan asly ysraýyl bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir kanun bolsun.


«Ysraýyllara aýt: eger erkek ýa-da aýal bir adamyň garşysyna günä etse we Rebbe dönüklik edip, günä gazansa,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ