Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 4:26 - Mukaddes Kitap

26 Erkejiň bar ýagyny ruhany edil salamatlyk gurbanlygynyňky ýaly edip, gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen erkeç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Эркеҗиң бар ягыны руханы эдил саламатлык гурбанлыгыныңкы ялы эдип, гурбанлык сыпасында яксын. Шейдип, руханы гүнә гурбанлыгы үчин берлен эркеч билен гүнәлини гүнәсинден сапласын ве Худай онуң гүнәсини гечер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 4:26
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň ruhanylar erkeçleri öldürip, olaryň ganyny bütin ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin gurbanlyk sypasynyň üstüne günä gurbanlygy hökmünde dökdüler. Çünki patyşa bütin ysraýyl halky üçin ýakma gurbanlygynyň we günä gurbanlygynyň berilmegini tabşyrypdy.


Ikinji gün günä gurbanlygy hökmünde şikessiz bir erkeji hödür et we gurbanlyk sypasyny öküzçe bilen nähili tämizlän bolsaň, ýene-de şeýdip tämizle.


Ýakma gurbanlyk berýän malyň eýesi, onuň kellesine elini goýsun we Hudaý ol maly sizi günäleriňizden saplaýan gurbanlyk hökmünde kabul eder.


Eger dogran aýalyň tokla gurby çatmasa, onda ol iki gumryny ýa-da iki kepderini – birini ýakma gurbanlygy üçin, beýlekisini günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany-da ol aýaly hödür eden ýakma gurbanlygy bilen haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal tämiz bolar“».


Elindäki ýagyň galanyny ruhany tämizlenýän adamyň kellesine çalsyn. Şeýdip, ruhany ol adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin.


Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa, ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Şeýdip, Rebbiň huzurynda ruhany ol adamy suwuklyk akmasy zerarly bolan haramlykdan tämizlesin.


Çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de, Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr.


Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda bu ýazyk gurbanlygynyň goçy bilen, ony eden günäsinden saplasyn we Hudaý günäliniň eden günäsini geçer.


Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Baş ruhany öküzçäniň ähli ýagyny alyp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn.


Baş ruhany günä gurbanlygy üçin berlen öküzçe bilen näme eden bolsa, bu öküzçe bilen hem şeýle etsin. Ol günä gurbanlygy üçin berlen bu öküzçe bilen halky günäsinden saplasyn we Hudaý halkyň günäsini geçer.


Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen goýnuň bar ýagynyň alnyşy ýaly, bu günä gurbanlygy üçin hödürlenen guzynyň hem ähli ýagy alynsyn. Ruhany ony alyp, Rebbe ot üsti bilen berlen beýleki gurbanlyklar bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guzy bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Beýlekisini ruhany höküm boýunça, ýakma gurbanlygy üçin Hudaýa hödür etsin. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen gumry ýa-da kepderi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Ýokarda agzalan günälerden birini eden günälini ruhany günä gurbanlygy üçin berlen un bilen günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. Galan un galla sadakasy ýaly ruhanynyňky bolar“».


Ol Hudaýa berilmeli sadakalarynyň baryny, üstüne goşmaça bäşden birini goşup, ruhana bersin. Ruhany ýazyk gurbanlygyna berlen goç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden bir şikessiz goç ýa-da şonuň ýerini tutjak zat getirsin. Ruhany şu goç arkaly günälini tötänlikde eden günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda günälini günäsinden saplasyn we şonda onuň nähili günä edendigine garamazdan, Hudaý onuň günäsini geçer».


Ruhany bütin ysraýyl halkyny günäsinden saplasyn, şonda olaryň günäsi geçiler. Çünki halk tötänlikden günä etdi we olar öz sadakalaryny Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde hödür etdiler. Öz ýalňyşlyklary üçin Rebbe günä gurbanlygyny berdiler.


Ruhany Rebbiň huzurynda ýalňyşyp günä edeni günäsinden saplasyn, onuň günäsi geçiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ