Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 4:25 - Mukaddes Kitap

25 Ruhany bolsa günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Руханы болса гүнә гурбанлыгы үчин дамагы чалнан җанлының ганына бармагыны батырып, оны якма гурбанлык сыпасының шахларына чалсын. Галан ганы болса якма гурбанлык сыпасының дүйбүне дөксүн.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 4:25
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öküziň ganyndan alyp, barmagyň bilen gurbanlyk sypasynyň ýokary çykyp duran burçlaryna çal. Galan ganyň hemmesini gurbanlyk sypasynyň düýbüne dök.


Bilmeýärmisiňiz? Eşitmediňizmi? Size başdan aýdylmadymy? Dünýä ýaradylany bäri düşünmediňizmi?


Soňra ol çykyp, Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasyny halallasyn. Öküzçäniň we erkejiň ganyndan alyp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn.


Çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de, Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr.


Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Galan gany bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Ol erkejiň kellesine elini goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Bu günä gurbanlygydyr.


Ruhany onuň ganyna barmagyny batyryp, ol ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol sypanyň düýbüne döksün.


Ruhany günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdaky – Rebbiň huzuryndaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Onsoň ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guşuň ganyndan gurbanlyk sypasynyň gapdalyna biraz sepeläp, galan gany gurbanlyk sypasynyň düýbüne akdyrsyn. Bu günä gurbanlygydyr.


Soňra Musa mesh ýagy alyp, ony mukaddes çadyra we onuň içindäki ähli enjamlaryň üstüne sepeläp, olary mukaddes etdi.


Musa öküzçäniň damagyny çaldy. Ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony gurbanlyk sypasynyň şahlaryna barmagy bilen çalyp, gurbanlyk sypasyny halallady. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. Şeýdip, Musa gurbanlyk sypasyny halallamak üçin ony mukaddes etdi.


Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny ruhana getirip berdiler. Harun barmagyny gana batyryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çaldy we galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi.


Isa Mesih bolsa bu Kanunyň maksadyny amala aşyrdy. Şonuň üçin-de, Oňa iman edýän her kes Hudaý tarapyndan aklanandyr.


Isany jebirli ölümi arkaly kämil etmeklik hemme zady Özi üçin we Özi arkaly ýaradan Hudaýa ýaraşdy. Sebäbi Hudaý Onuň ölümi arkaly ençeme ogullary şöhrata besledi.


Hakykatdanam, ähli zat Mukaddes Kanun boýunça gan bilen päklenýär. Gan dökülmezden hiç bir günä bagyşlanmaýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ