Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 4:24 - Mukaddes Kitap

24 Ol erkejiň kellesine elini goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Bu günä gurbanlygydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Ол эркеҗиң келлесине элини гоюп, якма гурбанлык малының өлдүрилйән еринде, Реббиң хузурында онуң дамагыны чалсын. Бу гүнә гурбанлыгыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 4:24
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma ýazyk sadakasy bilen günä sadakasyna berlen kümüş Rebbiň öýüne getirilmedi, çünki ol ruhanylaryňkydy.


Günä gurbanlygy üçin erkeçler patyşanyň we halkyň ýanyna getirildi, olar erkeçleriň üstüne ellerini goýdular.


Ine, gurbanlyk sypasynda ýakyp bermeli gündelik gurbanlyklaryňyz: iki sany birýaşar tokly.


Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.


Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň damagyny gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda, Rebbiň huzurynda çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Ýakma gurbanlyk berýän malyň eýesi, onuň kellesine elini goýsun we Hudaý ol maly sizi günäleriňizden saplaýan gurbanlyk hökmünde kabul eder.


Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Ol guzyny mukaddes ýerde – günä hem-de ýakma gurbanlyk malynyň soýulýan ýerinde soýsun. Çünki ýazyk gurbanlygy-da, edil günä gurbanlygy ýaly, ruhanynyňky bolsun. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr.


Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin.


Malyň eýesi onuň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Malyň eýesi gurbanlyk malynyň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar gurbanlygyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň kellesine elini goýup, onuň damagyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde çalsyn. Harunyň ogullary onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Harunyň neslinden bolan her bir erkek göbekli bu galla sadakasyndan iýip biler. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan onuň nesilleri üçin ebedilik paýdyr. Bu galla sadakasyna Harunyň ogullaryndan başga galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar».


Galla sadakasyny Harunyň neslinden bolan, başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhany taýýarlamalydyr. Bu sadaka Rebbe ebedilik paý hökmünde tutuşlygyna ýakylsyn.


«Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Günä gurbanlygyň berliş kadasy şeýledir: günä gurbanlygy üçin berilýän malyň damagy Rebbiň huzurynda, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalynsyn. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr.


ýazyk gurbanlyk malynyň damagy ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalnyp, onuň gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpilsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ