Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 4:21 - Mukaddes Kitap

21 Soňra baş ruhany öküzçäni düşelgäniň daşyna çykardyp, ony-da birinji öküzçäni ýakdyryşy ýaly edip ýakdyrsyn. Bu halkyň günä gurbanlygydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Соңра баш руханы өкүзчәни дүшелгәниң дашына чыкардып, оны-да биринҗи өкүзчәни якдырышы ялы эдип якдырсын. Бу халкың гүнә гурбанлыгыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 4:21
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň ýesirlikden, sürgünden gaýdyp gelenler Ysraýyl Hudaýyna ýakma gurbanlyklar berdiler. Bütin Ysraýyl üçin on iki öküz, togsan alty goç, ýetmiş ýedi guzy, günä gurbanlygy üçin hem on iki erkeç berdiler. Bularyň hemmesi Rebbe ýakma gurbanlyk üçindi.


Emma öküziň läşini, onuň derisini, içgoşuny düşelgäniň daşynda ýak. Bu günä gurbanlygydyr.


Şol gün hökümdar özi üçin we ýurduň halky üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçe hödürlär.


Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin.


Onsoň Harun ellerini diri erkejiň başyna goýup, ysraýyl halkynyň bar pisliklerini, etmişlerini we günälerini boýun alsyn. Ruhany şeýle etmek bilen halkyň günäsini erkeje geçirip, ony ýörite çöle boşadyp ibermek üçin bellenen adam bilen çöle ibersin.


Günä gurbanlygy hökmünde hödürlenen we günäden saplamak üçin ganlary iň mukaddes otaga getirilen öküzçe bilen erkejiň läşleri düşelgäniň daşyna çykarylsyn. Olaryň derisi, eti we garyn-gajagy ýakylsyn.


Eger bütin ysraýyl halky öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, bu günä iş hem jemagatdan ýaşyrylyp, olaryň eden günäleriniň üsti açylan badyna, jemagat günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirsin.


Baş ruhany günä gurbanlygy üçin berlen öküzçe bilen näme eden bolsa, bu öküzçe bilen hem şeýle etsin. Ol günä gurbanlygy üçin berlen bu öküzçe bilen halky günäsinden saplasyn we Hudaý halkyň günäsini geçer.


Onsoň ruhany zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, başga eşiklerini geýsin we küli düşelgäniň daşyna çykaryp, halal ýere döksün.


Ruhanynyň berýän her bir galla sadakasy tutuşlygyna ýakylmalydyr, ol iýilmeli däldir».


Emma öküzçäniň özüni, derisini, etini we içgoşuny Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly, Musa düşelgäniň daşyna çykardyp ýakdyrdy.


we bu säwligi halk tötänlikde goýberen bolsa, onda bütin halk bir öküzçäni Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Onuň ýany bilen düzgüne görä galla we içgi sadakasyny bersinler hem-de bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür etsinler.


Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


Gurbanlyk mallarynyň ganyny baş ruhany Iň mukaddes otaga getirip, günä üçin hödürleýär, emma olaryň maslygy düşelgeden daşarda ýakylýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ