Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 4:18 - Mukaddes Kitap

18 Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Galan gany bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Соңра баш руханы Реббе йүз тутулян чадырда Реббиң хузурындакы гурбанлык сыпасының шахларына бираз ган чалсын. Галан ганы болса Реббе йүз тутулян чадырың агзындакы якма гурбанлык сыпасының дүйбүне дөксүн.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 4:18
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar öküzleri öldürdiler; ruhanylar gany alyp, gurbanlyk sypasyna serpdiler. Olar goçlary we guzulary öldürip, olaryň ganyny hem gurbanlyk sypasyna tarap serpdiler.


Öküziň ganyndan alyp, barmagyň bilen gurbanlyk sypasynyň ýokary çykyp duran burçlaryna çal. Galan ganyň hemmesini gurbanlyk sypasynyň düýbüne dök.


Ýylda bir gezek Harun onuň burçlarynda günäden saplanma gurbanlygyny bersin. Günäden saplanmak üçin öldürilen malyň ganyny döküp, ýylda bir gezek nesillerboýy günä gurbanlygyny ber. Sypa Rebbe bagyş edilendir».


Ruhany bolsa günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Ruhany onuň ganyna barmagyny batyryp, ol ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol sypanyň düýbüne döksün.


Ruhany günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdaky – Rebbiň huzuryndaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Onsoň ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guşuň ganyndan gurbanlyk sypasynyň gapdalyna biraz sepeläp, galan gany gurbanlyk sypasynyň düýbüne akdyrsyn. Bu günä gurbanlygydyr.


Emma mukaddes otagda günäden saplamak üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň içine gany getirilen günä gurbanlygy üçin berlen malyň eti iýilmeli däldir. Ol oda ýakylmalydyr.


Musa öküzçäniň damagyny çaldy. Ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony gurbanlyk sypasynyň şahlaryna barmagy bilen çalyp, gurbanlyk sypasyny halallady. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. Şeýdip, Musa gurbanlyk sypasyny halallamak üçin ony mukaddes etdi.


Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny ruhana getirip berdiler. Harun barmagyny gana batyryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çaldy we galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ