Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 4:15 - Mukaddes Kitap

15 Halkyň ýaşululary Rebbiň huzurynda ellerini öküzçäniň kellesine goýup, şol ýerde onuň damagy çalynsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Халкың яшулулары Реббиң хузурында эллерини өкүзчәниң келлесине гоюп, шол ерде онуң дамагы чалынсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 4:15
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günä gurbanlygy üçin erkeçler patyşanyň we halkyň ýanyna getirildi, olar erkeçleriň üstüne ellerini goýdular.


Soňra Reb Musa: «Sen, Harun, Nadap, Abyhu we Ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy Meniň ýanyma gelip, Maňa uzakdan sežde ediň.


Soňra Musa, Harun, Nadap, Abyhu we ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy daga çykdy.


Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.


Ýakma gurbanlyk berýän malyň eýesi, onuň kellesine elini goýsun we Hudaý ol maly sizi günäleriňizden saplaýan gurbanlyk hökmünde kabul eder.


Onsoň Harun ellerini diri erkejiň başyna goýup, ysraýyl halkynyň bar pisliklerini, etmişlerini we günälerini boýun alsyn. Ruhany şeýle etmek bilen halkyň günäsini erkeje geçirip, ony ýörite çöle boşadyp ibermek üçin bellenen adam bilen çöle ibersin.


Başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhany öküzçäniň ganyndan birazragyny alyp, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirsin


Öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna, Rebbiň huzuryna getirsin we elini öküzçäniň kellesine goýup, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn.


Soňra ol günä gurbanlygynyň öküzçesini idip getirdi. Harun we onuň ogullary, ellerini öküzçäniň kellesine goýdular.


Soňra ol ýakma gurbanlygy üçin berilýän goçy getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular.


Soňra ol hödür edilen ikinji goçy, belleme goçuny getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular.


Reb Musa şeýle diýdi: «Halkyň arasynda olaryň baştutanlary we serkerdeleri hökmünde tanalýan ýetmiş ýaşulyny Meniň ýanyma ýygna. Olary Maňa ýüz tutulýan çadyra getir, goý, olar seniň ýanyňda dursunlar.


Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar soňra gaýdyp beýle etmediler.


Lewileri Rebbiň huzuryna getiren mahalyň ysraýyllar ellerini lewileriň kellesine goýsunlar.


Onsoň lewiler ellerini öküzçeleriň kellesine goýsunlar. Olaryň birini günä gurbanlygy üçin, beýlekisini-de lewileri günäsinden saplamak üçin, ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ