Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 3:6 - Mukaddes Kitap

6 Eger salamatlyk gurbanlygy hökmünde Rebbe dowar süriňizden gurbanlyk hödür etmekçi bolsaňyz, onda ol goçmy, goýunmy, tekemi, geçimi – parhy ýok, ol şikessiz dowar bolmalydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Эгер саламатлык гурбанлыгы хөкмүнде Реббе довар сүриңизден гурбанлык хөдүр этмекчи болсаңыз, онда ол гочмы, гоюнмы, текеми, гечими – пархы ёк, ол шикессиз довар болмалыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 3:6
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kedaryň ähli sürüleri ýanyňa toplanar, Nebaýotyň goçlary saňa hyzmat ederler, olar gurbanlyk sypamda gurbanlyk hökmünde kabul ediler, şöhratly öýümi şöhratlandyraryn Men.


Dowarlardan alnan janly ýakma gurbanlyk berilýän bolsa, onda bu gurbanlyk janlysy hiç bir şikessiz goç ýa-da erkeç bolsun.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbe mal gurbanlyk bermek isleýänler, goý, gara mallardan ýa-da dowarlardan bersinler.


Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür edeniňizde, gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly, ony kada laýyklykda beriň.


Şikesli maly gurbanlyk bermäň, çünki ol kabul bolmaz.


Şeýle hem siz günä gurbanlygy üçin bir erkeji we salamatlyk gurbanlygy üçin iki sany goçy hödürläň.


Mundan başga-da, siz ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bilen bilelikde her bir toklynyň ýany bilen içgi sadakasy hökmünde bir küýze şeraby hödürläň.


Ol Rebbe öz peşgeşini hödür etsin, birýaşar şikessiz erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde, birýaşar şikessiz urkaçy toklyny günä gurbanlygy hökmünde, şikessiz bir goçy bolsa salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar.


Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz.


Emma bellenilen wagt ýetip gelende, Hudaý Öz Ogluny iberdi. Ol aýaldan doglup, Mukaddes Kanuna laýyklykda ýaşady.


Bu niýetiň amala aşyrylmaly wagty gelende, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zatlary bir Başa, ýagny Isa Mesihe birikdirer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ