Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy Oňa ýakymlydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Онсоң Харуның огуллары булары гурбанлык сыпасының үстүнде янып дуран отдакы якма гурбанлыгы билен биле яксынлар. Реббе от үсти билен берилйән бу гурбанлыгың ысы Оңа якымлыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 3:5
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol günüň özünde Süleýman patyşa Rebbiň öýüniň öňündäki howlynyň ortasyny mukaddes etdi. Patyşa şol ýerde ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny we salamatlyk gurbanlyklarynyň ýaglaryny berdi, çünki Rebbiň huzuryndaky bürünç gurbanlyk sypasy ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny, salamatlyk gurbanlygynyň ýag böleklerini tutardan gaty kiçidi.


Mundan soň, lewiler özleri we ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler, çünki Harunyň neslinden bolan ruhanylar agşama çenli ýakma gurbanlyklaryny we ýaglary hödürlemek bilen meşgul boldular. Şeýdip, lewiler özleri we Harunyň neslinden bolan ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler.


Içýagynyň hemmesini al, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen al. Olary gurbanlyk sypasynda ýak.


Emma ysraýyl halky Menden aýrylyp, ýoldan çykanda, mukaddes öýümi goramak keşigini çeken Sadok neslinden bolan lewi ruhanylary Maňa hyzmat etmek üçin ýakynlaşarlar; ýagy we gany Maňa hödür etmek üçin huzurymda olar durarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Soňra ruhany guşuň ganatlaryndan tutup, ony ikä bölsün, ýöne bölekleri biri-birinden doly bölüp aýyrmasyn. Onsoň ol guşy gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn.


Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen goýnuň bar ýagynyň alnyşy ýaly, bu günä gurbanlygy üçin hödürlenen guzynyň hem ähli ýagy alynsyn. Ruhany ony alyp, Rebbe ot üsti bilen berlen beýleki gurbanlyklar bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guzy bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Gurbanlyk sypasynyň üstündäki ot mydama ýanyp dursun, ol hiç haçan sönmesin. Ertirlerine ruhany oduň üstüne odun atsyn. Ýakma gurbanlyk malynyň böleklenen etlerini onuň üstüne örsün. Salamatlyk gurbanlyklarynyň ýagyny-da otda ýaksyn.


Onsoň ol galla sadakasyny hödürläp, ondan goşawujyny dolduryp aldy-da, ony gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu galla sadakasy ertirlerine berilýän ýakma gurbanlyklaryndan daşarydy.


Rebbe ýakma gurbanlyk ýa başga gurbanlyk, aýdylan sadaka ýa-da salamatlyk gurbanlygy hökmünde öküz hödür etseňiz,


Ýöne sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlary üçin töleg alma, olar mukaddesdirler. Olaryň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpip, ýagyny-da Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde otda ýak.


Her öküz üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý ununy we goç üçin galla sadakasy hökmünde, zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý ununy hödür etsinler.


Olara aýt, Maňa ot üsti bilen berjek gündelik ýakma gurbanlyklary şikessiz iki sany birýaşar erkek tokly bolsun.


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ