Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 3:17 - Mukaddes Kitap

17 Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Сиз ниреде яшасаңыз-да, этиң ягыны ве ганыны иймәң. Бу сизиң бүтин несиллериңиз үчин эбедилик дүзгүн болсун“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 3:17
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr.


Köp sanly ýakma gurbanlyklaryndan daşary-da, salamatlyk gurbanlyklarynyň ýagy we ýakma gurbanlyklary bilen berilýän içgi sadakalary bardy. Şeýdip, Rebbiň öýüniň hyzmaty dikeldildi.


Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer».


Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik düzgün bolsun.


Harun we onuň ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmek üçin girenlerinde ýa-da mukaddes ýerdäki gurbanlyk sypasynyň ýanyna baranlarynda bu geýimleri geýsinler. Şeýtseler, günäni öz üstlerine almazlar we ölmezler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik düzgün bolsun.


Şonuň üçin olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz eti gany bilen iýýärsiňiz, gözleriňizi butlaryňyza dikýärsiňiz, gan dökýärsiňiz; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz?


Emma ysraýyl halky Menden aýrylyp, ýoldan çykanda, mukaddes öýümi goramak keşigini çeken Sadok neslinden bolan lewi ruhanylary Maňa hyzmat etmek üçin ýakynlaşarlar; ýagy we gany Maňa hödür etmek üçin huzurymda olar durarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Üwreme sadakasy hökmünde budy we Rebbe ýokary galdyrylan göterme sadakasy hökmünde döşi olar Rebbe ot üsti bilen berilýän ýag gurbanlygy bilen birlikde getirsinler. Bular Rebbiň tabşyryşy ýaly, saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berlen paý bolsun».


«Özüňem, ogullaryňam Rebbe ýüz tutulýan çadyra çakyr ýa-da şerap içip girmäň, ýogsam ölersiňiz. Bu siziň nesilleriňiz üçin hem ebedilik düzgün bolsun.


Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun: ýedinji aýyň onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin.


Ysraýyl halkyny ähli günälerinden ýylda bir gezek saplamak siziň üçin ebedilik düzgün bolsun». Musa Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi.


Ysraýyl halky mundan beýläk Rebbe ikilik edip, gurbanlyklaryny but erkeçlerine hödür etmesinler. Bu olara nesilden-nesle ebedilik düzgün bolsun“.


Hiç bir eti gany bilen iýmäň. Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň.


Hudaýyňyza bu sadakany hödür edýän günüňize çenli çörek, gowrulan bugdaý ýa-da täze bugdaý dänesini iýmäň. Bu siziň nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.


Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.


Harun çyrany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daşynda, Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.


Bu çörekler Harun we onuň ogullarynyňkydyr. Olar mukaddes ýerde iýilsin. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlarynyň içinde ruhanylar üçin örän mukaddesi şudur. Bu siziň üçin ebedi parzdyr».


Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Gurbanlygyň ähli ýagy Rebbe hödür edilsin.


Ruhany galla sadakasynyň zeýtun ýagyna garylan saýlama unundan we onuň üstündäki ýakymly ysly tütetgiden goşawujyny dolduryp alyp, olary Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berilýän sadaka paýy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr.


Harunyň neslinden bolan her bir erkek göbekli bu galla sadakasyndan iýip biler. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan onuň nesilleri üçin ebedilik paýdyr. Bu galla sadakasyna Harunyň ogullaryndan başga galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar».


Galla sadakasyny Harunyň neslinden bolan, başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhany taýýarlamalydyr. Bu sadaka Rebbe ebedilik paý hökmünde tutuşlygyna ýakylsyn.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Öküziň, goýnuň ýa-da geçiniň hiç bir ýagyny iýmesinler.


Çünki Men ysraýyl halkyndan olaryň salamatlyk gurbanlyklaryndan Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödürlenen döşi we sag budy aldym. Olary Men ysraýyl halkyndan ruhany Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berdim.


Munuň ysraýyl halkyndan ebedilik parz hökmünde ruhanylara berilmelidigini, Haruny we onuň ogullaryny wezipä bellän güni Reb maňa buýurdy.


Bu olar üçin ebedilik düzgün bolsun. Tämizlik suwuny sepýän adam geýimlerini ýuwsun. Tämizlik suwuny ellän adam agşama çenli haramdyr.


Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün.


Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir.


butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».


Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.


Emma siz ol maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň.


Emma gaty seresap boluň, eti gany bilen iýmeli dälsiňiz, çünki gan jandyr. Siz gany et bilen iýmeli dälsiňiz.


Eti gany bilen iýmäň, onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň.


Ýöne siz maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Gany suw döken ýaly edip, ýere döküň.


Sygyr ýagydyr goýnuň süýdi bilen, semiz goç-guzular bilen, Başan ýurduň öküzleridir erkeji bilen, iň saýlama bugdaý bilen bakdy. Üzümden edilen gyrmyzy şerapdan içirdi.


Hudaýyň ýaradan zatlarynyň ählisi gowudyr. Şükür bilen kabul edilen her zat asla ret edilmeli däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ