Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Gurbanlygyň ähli ýagy Rebbe hödür edilsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Онсоң руханы булары алып, Реббе от үсти билен берилйән иймит садакасы хөкмүнде гурбанлык сыпасында яксын. Онуң ысы Реббе якымлыдыр. Гурбанлыгың әхли ягы Реббе хөдүр эдилсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 3:16
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň semizlerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi.


Köp sanly ýakma gurbanlyklaryndan daşary-da, salamatlyk gurbanlyklarynyň ýagy we ýakma gurbanlyklary bilen berilýän içgi sadakalary bardy. Şeýdip, Rebbiň öýüniň hyzmaty dikeldildi.


Süleýman patyşa Rebbiň öýüniň öňündäki howlynyň ortasyny tämizläp mukaddes etdi. Patyşa şol ýerde ýakma gurbanlyklaryny we salamatlyk gurbanlyklarynyň ýaglaryny berdi, çünki Süleýmanyň ýasadan bürünç gurbanlyk sypasy ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny we salamatlyk gurbanlygynyň ýag böleklerini tutardan gaty kiçidi.


Içýagynyň hemmesini al, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen al. Olary gurbanlyk sypasynda ýak.


Şeýle hem, goçuň ýagyny, guýruk ýagyny, içýagyny, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen we sag buduny al. (Çünki bu goç ruhanyçylyga bellemek üçindir.)


Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.


Emma ysraýyl halky Menden aýrylyp, ýoldan çykanda, mukaddes öýümi goramak keşigini çeken Sadok neslinden bolan lewi ruhanylary Maňa hyzmat etmek üçin ýakynlaşarlar; ýagy we gany Maňa hödür etmek üçin huzurymda olar durarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ruhany gany Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky Rebbiň gurbanlyk sypasyna serpsin we ýagy Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ýaksyn.


Erkejiň bar ýagyny ruhany edil salamatlyk gurbanlygynyňky ýaly edip, gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen erkeç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Soňra Musa goçuň ýaglaryny – guýruk ýagyny, garyn-içegeleriň daşyndaky bar ýaglary, bagryň ýüzündäki ýag perdesini, iki böwregi daşynyň ýagy bilen we sag budy aldy.


Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.


Isa oňa şeýle jogap berdi: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ