Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 3:13 - Mukaddes Kitap

13 Malyň eýesi onuň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Малың эеси онуң келлесине элини гоюп, Реббе йүз тутулян чадырың өңүнде онуң дамагыны чалсын. Харуның огуллары гурбанлык җанлысының ганыны гурбанлык сыпасының чар тарапына серпсинлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 3:13
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol köp milletleri geň galdyrar; patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar; çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp, eşitmedik zatlaryna düşünerler.


Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.


Ýakma gurbanlyk berýän malyň eýesi, onuň kellesine elini goýsun we Hudaý ol maly sizi günäleriňizden saplaýan gurbanlyk hökmünde kabul eder.


Eger geçi gurbanlyk bermekçi bolsaňyz, siz ony Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz.


Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň bar içýaglaryny hem-de garyn içegeleriniň daşyndaky ähli ýagyny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür etsin.


Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň kellesine elini goýup, onuň damagyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde çalsyn. Harunyň ogullary onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ