Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 3:11 - Mukaddes Kitap

11 Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Онсоң руханы булары алып, Реббе от үсти билен берилйән иймит садакасы хөкмүнде гурбанлык сыпасында яксын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 3:11
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Harun bilen gepleşip, oňa şeýle diý: „Seniň tohum-tijiňiň geljekki nesilleriňden-de nogsanly adam Rebbe bagyş edilen iýmit sadakasyny hödür etmesin.


Ruhanylar özlerini Hudaýa bagyş etsinler we Hudaýyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar.


Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki Hudaýyňyza iýmit sadakasyny olar hödürleýärler. Halk hem olary mukaddes saýsyn, sebäbi sizi mukaddes edýän Men – Reb mukaddesdirin.


Şeýle haýwanlary Rebbe iýmit sadakasy hökmünde hödür etmek üçin, gelmişegiň elinden almaň, çünki olar maýyp-müjrüp, şikesli bolandyklary üçin, Rebbe iýmit sadakasy hökmünde kabul bolmaz“».


Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Gurbanlygyň ähli ýagy Rebbe hödür edilsin.


Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Emma siz: „Rebbiň saçagy haramdyr, çöregidir ir-iýmişini kemsitsek hem bolar“ diýip, Meniň adyma ysnat getirýärsiňiz.


Siz Meniň gurbanlyk sypamda haram gurbanlyklar hödürläp, Meniň adymy kemsitdiňiz. Siz ýene-de: „Biz nädip Seni haram etdik?“ diýip soraýarsyňyz. „Rebbiň saçagyny kemsitsek hem bolar“ diýip, Meni haram etdiňiz.


«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, Maňa berýän sadakalaryny öz bellenen wagtynda hödür etsinler. Bular Meniň naharymdyr, Maňa ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyklardyr.


Şeýdip, olar her gün – ýedi günläp, ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly iýmit sadakasyny hödür etsinler. Bu gündelik berilýän ýakma gurbanlygydyr, ol içgi sadakasynyň daşyndan berilsin.


Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!


Siz hem Rebbiň käsesinden, hem-de jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem-de arwah-jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz.


Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ