34 Rebbiň Sinaý dagynda ysraýyl halky üçin Musa beren buýruklary şulardan ybaratdyr.
34 Реббиң Синай дагында ысрайыл халкы үчин Муса берен буйруклары шулардан ыбаратдыр.
Rebbiň Sinaý dagynda Musanyň üsti bilen ysraýyl halkyna beren parzlary, hökümleri we kanunlary şulardan ybaratdyr.
Sinaý çölünde Reb Özüne gurbanlykdyr sadakalar bermekligi ysraýyl halkyna buýran güni Ol Musa bu tabşyrygy berdi.
Reb Sinaý çölünde ysraýyl halkynyň Müsürden çykanynyň ikinji ýylynyň ikinji aýynyň birinji güni Özüne ýüz tutulýan çadyryň içinde Musa şeýle diýdi:
Bu Sinaý dagynda buýrulan gündelik ýakma gurbanlygy bolup, Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr.
Rebbiň Sinaý dagynda Musa bilen gepleşen wagty Harunyň we Musanyň nesilleri şulardy:
Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Rebbiň Musa arkaly ysraýyllara beren parzlardyr hökümleri şulardan ybaratdy.
Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih arkaly peýda boldy.
Kyrkynjy ýylyň on birinji aýynyň birinji güni, Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ysraýyllara Onuň buýruklaryny ýetirdi.
Ine, Horepde edilen ähtden daşary, Rebbiň Musa Mowapda ysraýyllar bilen baglaşmagy buýran ähtiniň şertleri şulardyr.
Ine, Müsürden çykanlaryndan soň Musanyň ysraýyllara aýdan düzgünleri, parzlary we hökümleri.
Ine, edil Hudaýym Rebbiň maňa tabşyryşy ýaly, siziň mülk edinmäge barýan ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin men size bu parzlary we hökümleri öwretdim.