Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 27:27 - Mukaddes Kitap

27 Eger ol mal haram bolsa, onda malyň eýesi ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne bäşden birini goşup, ony yzyna satyn alsyn. Eger mal yzyna satyn alynmasa, kesilen baha görä satylsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Эгер ол мал харам болса, онда малың эеси руханының кесен бахасының үстүне бәшден бирини гошуп, оны ызына сатын алсын. Эгер мал ызына сатын алынмаса, кесилен баха гөрә сатылсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 27:27
7 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger wada berlen mal Rebbe hödür edilmeýän haram mallardan bolsa, ol mal ruhanynyň ýanyna getirilsin.


Eger malyň eýesi ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne ýene bäşden birini goşsun.


Eger-de öýüni bagyş eden adam ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol kesilen bahanyň üstüne ýene bäşden birini goşsun. Şondan soň öý öz eýesine gaýtarylyp berler.


Mal-garanyň ilkinji doglany Rebbiňkidir. Ony hiç kim Rebbe bagyş edip bilmez. Öküz bolsun, owlak-guzy bolsun – parhy ýok, olar Rebbiňkidir.


Rebbe bagyş edilen islendik zat: adam bolsun, haýwan bolsun ýa-da mülk berlen ýer bolsun – parhy ýok, ol satylyp ýa-da yzyna satyn alnyp bilinmez. Bagyş edilen her bir zat ebedilik Rebbe degişlidir.


Eger kimdir biri öz ondan birini yzyna satyn almak islese, ondan biriniň nyrhynyň üstüne bäşden birini goşsun.


Ol Hudaýa berilmeli sadakalarynyň baryny, üstüne goşmaça bäşden birini goşup, ruhana bersin. Ruhany ýazyk gurbanlygyna berlen goç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ