Patyşanyň beýleki welaýatlaryndaky ähli ýahudylar hem öz janlaryny goramak üçin ýygnanyşyp, öz duşmanlaryndan halas boldular, özleriniň duşmanlaryndan ýetmiş bäş müň adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar.
Duşmanlaryňyzyň ýurtlarynda diri galanlaryňyzyň ýüreklerine Men şeýle bir gorky salaryn welin, hatda ýapragyň şemala şygyrdaýan sesi-de sizi gaçmaga mejbur eder. Siz gylyçdan gaçýan ýaly gaçarsyňyz. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, bar ýaly bolup gaçarsyňyz.
Men ýurda parahatçylyk bererin. Siz arkaýyn ýatyp turarsyňyz. Sizi gorkuzan bolmaz. Men ýurtdaky wagşy haýwanlaryň ýoguna ýanaryn. Ýurduňyzda uruş bolmaz.
Ýonatan dyrmaşyp, ýokary çykdy. Ýaragçy nökeri-de onuň yzyndady. Piliştliler Ýonatanyň öňünde durup bilmän ýykylýardylar, ýaragçy nöker bolsa yzdan olary gyryp barýardy.