Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 26:5 - Mukaddes Kitap

5 Ekinleriňiz şeýle bir köp hasyl getirer welin, döwegiňiz üzüm ýygymyna çenli dowam eder. Üzüm ýygymy galla ekişine çenli dowam eder, çöregiňizi doýup iýersiňiz, ýurduňyzda howpsuzlykda ýaşarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Экинлериңиз шейле бир көп хасыл гетирер велин, дөвегиңиз үзүм йыгымына ченли довам эдер. Үзүм йыгымы галла экишине ченли довам эдер, чөрегиңизи доюп иерсиңиз, юрдуңызда ховпсузлыкда яшарсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 26:5
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň şalygyň – müdimi şalyk, hökümdarlygyň – nesillerboýy. Reb ähli sözlerinde wepadar, Ol ähli işlerinde rehimdar.


Beýik Hudaýyň penasynda ýaşaýan ynsan Gudratygüýçliniň kölegesini mesgen ediner.


Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi.


Meni diňlänler parahat mekan tutarlar, ýamanlykdan gorkman aman bolarlar».


Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.


Eger sözlerimi göwünjeňlik bilen diňleseňiz, ýurduň näz-nygmatyny iýersiňiz.


Reb ýere sepen tohumyňyz üçin ýagyş berer, ýer hasylynyň çöregi bol we bereketli bolar. Şol gün mal-garalaryňyz giň örülerde otlarlar.


Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar.


Şol gün olar üçin meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar, toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin. Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin. Aman ýaşadaryn olary.


Men seni wepadarlyk bilen alaryn, sen Meni Reb hökmünde tanarsyň.


Reb jogap berip, diýdi halkyna: «Ine, Men size iberýän: gallany, şeraby, zeýtun ýagyny. Doýup-ganyp iýersiňiz olardan. Mundan beýläk milletler arasynda Men sizi etmerin indi masgara.


Gorkmaň siz, eý, çöl haýwanlary, sebäbi ýaşyldyr çöl ýaýlalary. Baglar getirýär öz miwesini, zeýtun hem-de üzüm berýär bol hasylyny.


Siziň iýjegiňiz bolelin bolar, olardan gerk-gäbe doýarsyňyz; siziň üçin ajaýyp işleri eden Hudaýyňyz Rebbiň adyna alkyşlar aýdarsyňyz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz.


Ine, şeýle günler geler – Hökmürowan Reb diýýär, ýer sürýän orak orýanyň yzyndan ýeter, üzüm sykýan ekiş döwrüne çenli işini gutarmaz, şirin şerap daglardan damar, bütin depelerden-de joşup akar. Halkym Ysraýyla öňki abadançylygyny gaýtararyn, ýumrulan şäherleri dikeldip, olarda mesgen tutarlar, üzüm baglaryny oturdyp, olaryň şerabyny içerler, bag-bakjalar ekip, olaryň miwesini iýerler. Men olary öz topragynda oturdaryn, Meniň özlerine beren topragymdan indi olar hiç haçan çykarylmaz. Muny Hudaýyňyz Reb aýdýandyr.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz.


Muňa garamazdan, Ol Özüniň bardygyny hiç haçan subutsyz goýmaýar. Serediň! Size ýagşylyk edip, asmandan ýagyş ýagdyrýar, möwsüminde hasyl berýär, garnyňyzy birkemsiz doýrup, ýürekleriňizi şatlykdan doldurýar» diýdiler.


Şeýle hem, Ol mal-garalaryňyz üçin ekin meýdanlaryňyzda ot gögerder. Siziň garnyňyz dok bolar.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Siz imanyňyz arkaly Hudaýyň gudraty bilen tä halas edilýänçäňiz goralýansyňyz. Bu gutulyş ahyrky günlerde aýan bolmaga taýýardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ