Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 26:45 - Mukaddes Kitap

45 Gaýtam, olar üçin, olaryň Hudaýy bolmak üçin, olaryň beýleki milletleriň gözüniň alnynda Müsürden alyp çykan ata-babalary bilen eden ähtimi ýatlaryn. Men Rebdirin“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

45 Гайтам, олар үчин, оларың Худайы болмак үчин, оларың бейлеки миллетлериң гөзүниң алнында Мүсүрден алып чыкан ата-бабалары билен эден әхтими ятларын. Мен Ребдирин“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 26:45
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Senden beýik millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.


«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Şol gije Reb Yshaga görnüp: «Men seniň ataň Ybraýymyň Hudaýydyryn. Gorkma, Men seniň bilen biledirin. Men Öz gulum Ybraýymyň hatyrasyna saňa pata bererin hem seniň nesliňi köpelderin» diýdi.


Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Men seni terk etmerin we saňa beren wadamy ýerine ýetirerin».


Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy.


«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».


Emma ysraýyllary Müsürden çykarandygymy gören milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat gelmesin diýip, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.


Muňa garamazdan, ysraýyllary Müsürden çykaranymy gören milletleriň nazarynda adyma ysnat gelmesin diýip, ýene elimi yza çekdim we Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.


Ýöne olaryň arasynda ýaşaýan milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat getirmezlik üçin, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim. Men ol milletleriň gözüniň alnynda ysraýyl halkyny Müsürden çykarmak bilen, Özümi olara aýan etdim.


Men – Reb sizi Müsür topragyndan siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin“».


Siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsür ýurdundan çykaryp getiren Mendirin. Men Rebdirin».


Kengan ýurduny size bermek üçin, siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Hawa, ýahudylaryň bu günäsi bütin dünýäniň ýalkanmagyna sebäp boldy. Olaryň bu günäsi başga milletler üçin bähbitli boldy. Eger olaryň günäsi şeýle ýalkanyşy getiren bolsa, onda tutuş Ysraýyl Hudaýa dolananda, bu ýalkanyş gör bak nähili bolar!


Çünki Hudaýyňyz Reb rehimli Hudaýdyr. Ol sizi taşlap gitmez ýa-da ýok etmez. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähtini unutmaz.


Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ýakuby ýadyňa sal. Bu halkyň boýnuýogyndygyna, erbetligine we günäsine üns berme.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ