Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 26:44 - Mukaddes Kitap

44 Emma bu zatlara garamazdan Men olar heniz duşmanlarynyň ýurdundakalar, olary ret edip, olardan ýüz dönderip, bütinleý heläk etmerin we olar bilen eden ähtimi bozmaryn, çünki olaryň Hudaýy Reb Mendirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

44 Эмма бу затлара гарамаздан Мен олар хениз душманларының юрдундакалар, олары рет эдип, олардан йүз дөндерип, бүтинлей хеләк этмерин ве олар билен эден әхтими бозмарын, чүнки оларың Худайы Реб Мендирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 26:44
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.


Emma Reb Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähti üçin ysraýyllara merhemet edip, rehim-şepagat görkezdi we olary goldady. Reb olary heläk etmek islemedi. Şu wagta çenli hem olary Öz huzuryndan kowmady.


Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we sadyk söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň.


Emma Öz tükenmez rehimdarlygyň bilen olary bütinleý ýok etmediň ýa-da terk etmediň. Çünki Sen merhemetli, rehimdar Hudaýsyň.


Sen daglary belentlikdäki mesgeniňden suwarýaň, Seniň işleriňiň miwesinden ýer kanagatlanýar.


Öz adyňyň hatyrasyna bizden ýüz öwürme. Öz şöhratly tagtyňy peseltme. Biziň bilen eden ähtiňi ýada sal, ony bozma.


«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Bu ýerden babyllylaryň ýurduna sürgün edilen Ýahuda ýesirlerini bu gowy injirler ýaly ýagşy saýaryn.


Men seniň bilendirin, Men seni halas ederin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Saňa adalatly temmi bererin, emma jezasyz-da galdyrmaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir? Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir? Onuň adyny agzan çagymda, ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men. Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär, oňa, elbetde, rehim ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Hut şunuň ýaly, Ýakubyň nesli bilen gulum Dawudyň neslini-de ret etmedim. Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesliniň üstünden Dawudyň ogullaryndan birini hökümdarlyk etmek üçin saýladym. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin we olara rehimdarlyk ederin“».


Ýöne ýaşlygyňda seniň bilen baglaşan ähtimi ýatlap, seniň üçin baky äht berkarar ederin.


Men siziň araňyzda mesgen tutaryn. Men hiç haçan sizden ýüz öwürmerin.


Hudaý Özüniň ezelden saýlap-seçen halkyny ret edenok. Ýa-da Mukaddes Ýazgylarda Ylýas pygamber barada ýazylanlar ýadyňyzda dälmi? Ol Hudaýa ysraýyl halky barada arz edip, şeýle diýýär:


Çünki tutuş ysraýyl halky hut şeýle halas ediler. Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr: «Men Ýakup nesliniň günälerini bagyşlanymda, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: Siondan Halasgär geler, Ol Ýakup neslinden hudaýsyzlygy aýrar».


Rebbiň perişdesi Gilgaldan Bohime gelip, şeýle diýdi: «Men sizi Müsürden çykaryp, ata-babalaryňyza söz beren ýurduma getirdim. Men şol mahal Özümiň siz bilen eden ähtimi asla bozmajakdygymy we


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ